Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýada hukuk meselesi ýaramazlygyna galýar


ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýyllyk hasabatynda geçen ýyl Gyrgyzystanda geçirilen prezident saýlawlarynda gorkuzma, saýlaw bidüzgünçilikleri, aýratyn alnan syýasy bähbitleriň haýryna hökümet serişdelerini ulanmak bilen oppozision partiýalara bökdençlik döredilendigi aýdylýar.

Amerikan hasabaty özbegistanyň awtoritar hökümetiniň hem 2009-njy ýylda çynlakaý hukuk bozulmalaryna ýol berendigini, häkimiýetleriň syýasy erkinligi we raýat azatlyklaryny gaty ýowuz derejede çäklendirendigini aýdýar.

Hasabat Türkmenistanda biraz ilerlemäniň bolandygyny, ýöne hökümetiň çynlakaý hukuk bozmalaryny dowam etdirendigini we bu ýurduň adam hukuklaryny hormatlaýşynyň derejesiniň pesdigini aýdýar.

Döwlet departamenti türkmen häkimiýetleriniň syýasy erkinligi we raýat azatlygyny, şol sanda söz, metbugat, ýygnanyşmak, bileleşmek azatlygyny çäklendirmegi dowam etdirendigini, daşary ýurtlarda okamak isleýänlere garşy çäklendirmäni köpeldendigini ýazýar.
XS
SM
MD
LG