Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti sagaldyş merkezleriniň gurluşygy bilen tanyşdy


Türkmenistanyň perzidenti Gurbanguly Berimuhamedow düýn Gökderä sapar edip, ol ýerdäki möhüm durmuş maksatly desgalaryň, hususan-da çagalar sagaldyş merkezleriniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada türkmen telewideniýesi habar berdi.

Döwlet telewideniýesi ýurduň gözel tebigatly ýerleriniň biri bolan Gökderede çagalar sagaldyş merkezleriniň eýýäm 8-siniň işleýändigini, 2 merkeziň şu ýylyň iýun aýynyň başynda gurlup tabşyryljagyny, ýene-de 3 merkeziň gurluşygyna başlanandygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG