Sepleriň elýeterliligi

Forbes: «Bu ýyl rus, aziýa milliarderleri iki esse köp»


«Forbes» žurnalynyň baş redaktory Stiw Forbes Nýu Ýorkda, 10-njy mart, 2010-njy ýyl..

«Forbes» žurnalynyň baş redaktory Stiw Forbes Nýu Ýorkda, 10-njy mart, 2010-njy ýyl..

«Forbes» žurnalynyň dünýä milliarderleri baradaky bu ýylky sanawy global ykdysady dikelişden habar berýär. Ol sanawa 62 orsýetli, geçen ýylka garanda tas iki esse köp (geçen ýyl ors milliarderleriniň sany 32 bolupdy) milliarder girýär.

Agzalýan milliarderleriň köpüsi ykdysady krizis döwründe gurpdan gaçyp, soň täzeden gurplanan adamlar. Milliarderleriň iň köp ýeri entegem Birleşen Ştatlar, ýöne Aziýa-da bu meselede kem galjaga meňzänok.

«Forbes» žurnalynyň baş redaktory Stiw Forbes çarşenbe güni Nýu Ýorkda bolan metbugat ýygnagynda dünýäniň täze milliarderleriniň sany global ykdysadyýetiň agyr ýagdaýdan çykýandygynyň anyk alamaty bolup durýar diýdi.

Forbesiň aýtmagyna görä, milliarderleriň sany geçen ýyl 793 bolan bolsa, bu ýyl 1011-e, tasdan 2008-nji ýyldaky rekord derejesine baryp ýetdi. “Bu milliarderleriň emläginiň bilelikdäki gymmaty 3,6 trillion dollar, bir ýyl öň bu san 2,4 trillion bolupdy, bu 50 prosent köpelişdir”.

2009-njy ýylda global maliýe krizisi milliarderler klubunyň 300 çemesi agzasyny süpürip aýyrdy. Bu ýyl olaryň 164-si gaýtadan sanawa goşulsa, täze milliarderleriň sany 97 boldy.

Dünýä milliarderleriniň ortaça baýlygy häzir 3,5 milliard dollar ýa-da geçen ýyldakydan 500 million dollar kän. Bu baýlar dünýäniň 55 ýurdundan we ol ýurtlaryň ikisi – Finlandiýa bilen Päkistan bu sanawa ilkinji gezek girýärler.

Sanawyň iň uly täzeligi

Dünýäniň iň baý kişisi Karlos Slim
Bu sanawyň iň uly täzeligi dünýäniň iň baý kişisi barada: Meksikaly mobil telefon tütjary Karlos Slim 53,5 milliard dollarlyk emlägi bilen ahyry Mikrasofty döredijileriň biri Bil Geýtsden öňe geçdi. Bil Geýts dünýäniň iň baý adamy diýen derejä 10 ýyldan gowrak wagtlap eýe boldy.

Geýts indi baýlygy boýunça ikinji orunda durýar, onuň yzyndan amerikan maýadary Warren Bawwet gelýär. Geýts we Baffet peýdaly işlere millardlap dollar peşgeş berdiler we bu ýagdaý olaryň rowaýata öwrülen baýlygyny kemeldip, Slimiň ýokary galmagyna şert döretdi.

Aziýadaky milliarderleriň sany iki essä golaý köpelip, 234-e ýetdi. Olaryň köpüsi Hytaýdan çykdy. Forbes metbugat ýygnagynda Aziýanyň dünýä maliýe krizisinden çykmakda kerweniň öňüni çekýändigini yglan etdi. Onuň pikiriçe, Aziýanyň milliarderleriniň sany dünýä ykdysadyýetinde göze ilerlik özgerişleriň bolup geçýändigini aňladýar.

«Facebook» sosial ulgamyny döreden 25 ýaşly amerikaly Mark Zakerberg
Birleşen Ştatlarda dünýäniň ähli ýurdundakydan köp milliarder bar, olaryň sany 403. Ýöne, Forbesiň aýtmagyna görä, Amerika bu meselede öňküligini saklap bilenok. Birleşen Ştatlar ozal sanawyň tas ýarpysyna golaýyny tutýardy, indi diňe 40 prosentini tutýar.

Bu ýyl milliarderleriň sanawyna täze 12 aýal girdi, aýal milliarderleriň jemi sany 89, ýagny bu toparyň 10 prosentinden hem az.

Iň ýaş milliarder internetde «Facebook» sosial ulgamyny döreden 25 ýaşly amerikaly Mark Zakerberg. Onuň emlägi dört milliard dollar hasaplanylýar.

Rumyniýanyň indi üç milliarderi bar, 2009-njy ýylda bu ýurduň diňe ýekeje milliarderi bardy. Ukrainada ozal dört milliarder bolan bolsa, indi bäş, Çeh respublikasynda bolsa ozal bir bolan bolsa, indi üç milliarder bar.
XS
SM
MD
LG