Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gorbaçýowyň taryhy mirasy


1985-nji ýylyň 10-njy martynda 73 ýaşly Konstantin Çernenko aradan çykan badyna käbir özgerişleriň ýol alyp gelýändigini görkezýän alamatlar peýda bolup ugrady. Oňa oruntutar saýlamaga Merkezi Komitete diňe dört sagat gerek boldy. Beýle çalt geçiş Sowet taryhynda ozal görlüp-eşidilen zat däldi.

x
Михаил Горбачев - счастье реформатора
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:25 0:00

1985-njy ýylyň 11-nji martynda, 54 ýaşly Mihail Gorbaçýow Sowet Soýuzynyň ýolbaşçysy boldy. Ol bu işe reformalary geçirmekden, şeýdip hem çagşan, günbatardaky basdeşlerinden ähli ugurlarda yza galyp gelýän Sowet sistemasyny halas etmäge synanyşmak bilen başlady. Şu niýet bilen başlanan synanyşyk iň soňunda ýurduň tanar ýaly bolman, üýtgemegi bilen soňlandy.

Häzir 79 ýaşly Gorbaçýow ýaňy-ýakynda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda reformalar islän netijelerini bermedik hem bolsa, muňa özüniň asla ökünmeýänligini aýtdy: “Gije-gündiz edilýän synanyşyklar, işler gaty köpdi. Ýöne adamlar minnetdarlyk bildirmeýärdiler. Onsoň men özüme: ‘Halk näme üçin saňa minnetdarlyk bildirmeli?’ diýen soragy berdim. Sorag munuň tersine bolmalydy: ‘Saňa bu uly ýurdy üýtgetme bagty berildi. Mundan ýokary näme şatlyk gerek?’”

Sowet Soýuzy Brežnew we onuň döwürdeşleriniň ýolbaşçylygynda dünýä derejesinde ägirt güýje öwrülipdi. Ýöne 1970-nji ýyllaryň aýaklarynda, 1980-njy ýyllaryň başlarynda ykdysadyýet durgunlyga düşüp, halkyň ýaşaýyş ýagdaýy peselip ugrady.

Wadim Medwedew Gorbaçýowyň öňki kömekçisi, Kommunistik partiýanyň öňki ýokary derejeli işgäri. Ol: “Ýaş, işjeň ýolbaşçylar gerek diýen pikir bilen 1980-nji ýyllaryň ortalarynda hemmeler ylalaşýardy” diýýär: “Özgerişiň zerurdygyna, bu özgerişiň hem bir täze, ýaş ýolbaşçynyň saýlanmagyna baglydygyna men düşünýärdim, başga-da köp adamlar düşünýärdiler”.

Syýasy we ideologik özgeriş

Gorbaçýow möhüm orunlara özi bilen pikirdeşleri getirdi. Ol 1987-nji ýylyň başlarynda ownuk hususy biznese rugsat bermek bilen çäkli bazar mehanizmlerini girizdi. Ol şeýle hem käbir ýerli hökümet wezipleri üçin köp kandidatly saýlawlary teklip etdi. Kommunistik partiýanyň içindäki konserwatiw elementleri basmarlamak üçin aç-açanlyk syýasatyny girizdi. Media senzurasy gowşadyldy. Syýasy tussaglar boşadyldy. Ozal gadagan kitaplar neşir edildi.

“Biz syýasy we ideologik özgeriş bolmasa, ykdysady özgerişiň mümkin däldigine basym göz ýetirdik. Bize gerek jemgyýetimiziň nukdaýnazarynyň bütinleý üýtgemegidi” diýip, Medwedew bu düýpli syýasy göçümleriň näme üçin gerek bolandygyny düşündirýär.

1980-nji ýyllaryň aýaklarynda 1990-njy ýyllaryň başlarynda Gorbaçýow inisiatiwany elden berdi. Demokratlar reformalary ýeterlik ilerletmänligi üçin oňa gaharlanyp başladylar. Konserwatiw kommunistler bilen ors milletçileri ony ýurdy dargadanlykda aýypladylar.

Respublikalarda bolsa garaşsyzlyk hereketleri möwjedi. Iň soňunda hem Sowet Soýuzy dargap, 15 garaşsyz döwlet döredi. Bular 25 ýyl mundan ozal Gorbaçýow häkimiýet başyna gelende, asla pikir hem edilmändi.

Medwedew: “Abanyp gelýän özgerişleriň güýjüni hiç kim, Gorbaçýowyň özi-de beýle göz öňüne getirmändi. Bular soňra prosesiň dowamynda ýaýbaňlandy” diýýär.
XS
SM
MD
LG