Sepleriň elýeterliligi

Päkistanda bolan partlamalarda pidalaryň sany artýar


Päkistanyň Lahor şäherinde bolan bomba partlamalarynda heläk bolanlaryň sany 45 adama bardy.

Ölenleriň arasynda 10-a golaý esgeriň bardygy, 100-e golaý adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

Bu wakada iki sany janyndan geçen hüjümçi köwşüne goýlan bombany partlatdy diýlip, habar berilýär.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini entek hiç bir topar öz üstüne almady.

Birnäçe gün mundan özal, 8-nji martda, Lahor şäherinde bolan bomba partlamasynda azyndan 13 adam heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG