Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Şwesiýadan öz ilçisini yzyna çagyrdy


12-nji martda Türkiýe şwed parlamentinde ermenileriň “genosidi” baradaky rezolýusiýa kabul edilendigi sebäpli Şwesiýadaky ilçisini geňeşmek üçin yzyna çagyrdy.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdoganyň geljek hepde Şwesiýa planlaşdyran saparynyň hem soňa süýşürilendigi aýdylýar.

Stokgolmda bolan duşuşykdan soň, Şwesiýanyň ilçisi Kristofer Asp taryha degişli meseleleriň taryhçylaryň garamagyna geçirilip, Türkiýe bilen berk dostlukly gatnaşyklaryň saklanmalydygyny aýtdy.

Ermeniler 1915-1923-nji ýyllar aralygynda, Osman imperiýasy döwründe, 1,5 million ermeniniň gyrlandygyny aýdyp, munuň “genosid” diýlip ykrar edilmegini isleýärler.

Ankara I Jahan urşunda 600 müň ermeniniň Gündogar Anatoliýadan sürgün edilenlerinde ölendigini aýdýar.

Köpsanly ermenileriniň öldürilmegine şol döwür ýurda çozup giren ors goşunlarynyň tarapyna ermenileriň geçendigi sebäp boldy diýip, türk tarapy bu wakany düşündürýär.
XS
SM
MD
LG