Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO: “Ýadro ýaraglary geljekde goranmak üçin gerek bolar”


NATO-nyň baş sekretary Anders For Rassmusen geljekde dürli agressiýalaryň öňüni almak üçin belli bir derejede ýadro ýaragynyň hem gerek boljakdygyny aýtdy.

Şeýle hem Rassmusen deňagramlylygy saklap ýadro ýaraglarynyň sanyny azaltmagyň hem zerurdygyny 12-nji martda Warşawada geçen halkara konferensiýasynda eden çykyşynda aýtdy.

Rasmussen raketalara garşy goranyş sistemasynyň kämilleşdirilmeginiň hem zerurdygyny nygtady.

Bu konferensiýada NATO-nyň täze strategiýasyna garaldy.

Şol strategiýanyň esasy maksady öňkisi ýaly NATO agzasy ýurtlaryň ilatyny hem territoriýasyny goramakdan ybarat bolup durýar diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG