Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda ýolbaşçy wezipesinde işlemek, umuman, aňsat däl, emma ýurduň telekanallarynyň ýolbaşçysy bolmak welin has-da kyn.

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirligine jemi bäş sany telekanal degişli. Olar «Altyn asyr», «Ýaşlyk», «Miras», «TW-4.Türkmenistan» hem-de «Türkmen owazy» telekanallarydyr. Bu telekanallaryň üstünden esasy garaýan Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirligi. Bu müdirlik Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligine degişli bolsa-da, kadrlar meselesini özbaşdak alyp barýar.

Kadrlar meselesini bäş sany telekanallaryň ýolbaşçylary erkin ýöredip bilmeýärler. Olar öz telekanalyna gerek işgäri işe aljak bolsalar, hökmany suratda Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň başlygynyň razylygyny almaly. Hut müdirligiň başlygynyň goly bilen telekanallara işgärler alynýar we olar wezipelerinden boşadylýar.

Şeýle býurokratiki sistema telekanallaryň başlyklarynyň doly suratda elini baglaýar. Olar bir işgäri işden çykarjak ýa-da işe kabul etjek bolanlarynda öz isleglerine görä hereket edip bilmeýärler. Netijede olar telekanalyň özerkli ýolbaşçysy däl-de, hälki bir dikme ýolbaşçysy ýaly bir zada öwrülýärler.

Telekanallaryň içinde ýolbaşçy wezipesinde iň köp oturany «Mirasyň» başlygy Bägül Nurmyradowadyr. Onuň alty ýyl töweregi öz wezipesinde saklanyp galmagynda «Miras» telekanalynyň ugrunyň syýasy gepleşiklere däl-de, esasan, milli däp-dessurlara degişli çeper gepleşiklere gönükdirilmegi bilen baglydyr.

«Altyn asyr» bilen «TW-4.Türkmenistan» telekanallarynyň resmi wakalary ilkinjiler bolup berýändikleri sebäpli, olaryň ýolbaşçylary elmydama kötek iýip durýarlar.

«Altyn asyr» telekanalynda berilýän «Watan» habarlar programmasyndaky gepleşikler bu telekanala bellenilýän ýolbaşçylaryň başyna ýetýän esasy bahanalaryň biri bolýar. Ýurduň resmi ýolbaşçylary «Watan» habarlar programmasynyň gepleşiklerine juda üns bilen seredýärler. «Watany» alyp barýan diktoryň ardynjyramasy, çalaja goýberýän säwligi, ýa bolmasa resmi habarlaryň nätakyk aýdylmagy «Altyn asyr» telekanalynyň başlygyna gürrüňsiz gep getirip bilýär.

«TW-4.Türkmenistan»


Türkmenistanda bolýan wakalary ýedi dilde daşary ýurda ýetirmek maksady bilen 2004-nji ýylyň ahyrynda döredilen «TW-4.Türkmenistan» telekanaly özüniň taýýarlaýan gysgadan mazmunly gepleşikleri bilen beýleki telekanallardan has kämildir. Bu telekanalyň işgärleriniň alýan aýlyklary hem biraz ýokary. Ýedi dilde görkezilýän bu telekanalyň esasy dili, bildirilýän talaba laýyklykda, türkmen bolmaly. Ýagny, gepleşikler hökmany suratda türkmençe taýýarlanylmaly, beýleki diller bolsa türkmen diliniň yzyndan terjime hökmünde goýberilmeli.

2009-njy ýylyň aprelinde «işde goýberen düýpli kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmanlygy üçin» diýen kesgitleme bilen Begli Alyýew «TW-4.Türkmenistan» telekanalynyň başlyklygyndan boşadyldy. B.Alyýewiň wezipesinden çetleşdirilmeginiň esasy sebäbi telekanalyň gepleşikleriniň birinde türkmen milletinden bolan sungat işgäriniň rus dilinde gürlemegi, onuň sözleriniň bolsa türkmençä terjime edilip berilmegi boldy. Şeýle wakalar bu kanalda ozal hem bolup durýardy. Ýöne bu säwlik üçin telekanalyň ýolbaşçysyna diňe käýinç berlerdi.

Şu ýylyň fewralynda Annamyrat Annaýewiň «TW-4.Türkmenistan» telekanalynyň başlyklygyndan çetleşdirilmegine bolsa ýurduň ministrleriniň ýygnak gidip durka irkilip oturan ýagdaýynyň uly planda efirde gitmegi sebäp boldy.

Elbetde, beýleki telekanallaryň ýolbaşçylarynyň-da güni öwerlikli däl. Olar efire çykýan alypbaryjynyň gyzyl dişi üçinem käýinç alýarlar, başynda tahýasynyň ýoklugy üçin-de. Efirde murtly ýa-da barmagy ýüzükli adam bilen gepleşik geçireni üçin näçe ýylyň tejribeli alypbaryjysyna hatda işden çykarylmak derejesinde hem jeza berlip bilinýär.

Has düýpli meseleler

Ýöne bu ownuk-uşajyk zatlardan başga has-da düýpli meseleler hem telekanallaryň başlyklarynyň baş agyrysy bolup dur. Kadrlar meselesini çözmekde elleri bagly kanal başlyklary teleoperatorlardyr sürüjilere-de öz diýenlerini etdirmekde ejiz gelýärler. Sebäbi habarçylary obýektlere eltýän maşynlaryň sürüjileri, gepleşikleri ýazgy edýän teleoperatorlar ýurduň aragatnaşyk ministrliginiň garamagyna degişli. Hut şu sistema hem telekanallaryň habarçy redaktorlary bilen operatorlardyr sürüjileriň arasynda wagtal-wagtal dawalaryň ýüze çykmagyna getirýär.

Operatorlaryň, sürüjileriň özleriçe alyp barýan erkin hereketlerine telekanallaryň ýolbaşçylary hiç hili çäre görüp bilmeýärler. Sebäbi olar düýbünden başga edaranyň işgärleri.

Kamera we maşyn bilen bagly problemalar telekanallara işlemäge gelýän habarçy redaktorlaryň işe bolan höweslerine gün geldikçe pese gaçyryp başlaýar. Şonuň üçin olar wagtyň geçmegi bilen gepleşiklerini menden saňa barýança derejede taýýarlamaga uýgunlaşýarlar.

Şeýle agyr şertlere uzak çydamaýan professional teležurnalistleriň köpüsi bu ýerden çalt gitmek bilen bolýarlar. Netijede olaryň ýerlerine çalasowat, ýokary bilimsiz, mekdep partasyndan ýaňy turan ýaşlar işe alynýarlar. Bu kadrlar işe höwesek bolsalar-da, dünýägaraýyşlary pes bolansoň, olaryň taýýarlaýan gepleşikleri hem gaty gowşak bolýar. Gowşak taýýarlanylýan gepleşikler bolsa ýerli teletomaşaçylary milli telewideniýeden barha we barha daşlaşdyrýar.

Serdar Gulgeldiýew türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG