Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Uruş barýan ýerlerde parahat ilat kösenýär


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň adam hukuklary baradaky ýyllyk hasabatynda dünýäde barýan otuzdan ýokary uruş we ýaragly çaknyşygyň adam hukuklarynyň bozulmagyny güýçlendirýänligi aýdylýar.

Hasabatda adam hukuklarynyň dürli ýurtlardaky ýagdaýy Birleşen Ştatlaryň dost ýa duşmany diýilmän, deň tankytlanýar ýa taryplanýar.

Döwlet sekretary Hillary Klintonyň aýtmagyna görä, hasabat dürli regionlarda adam hukuklarynyň ýerine ýetirilişine baha bermäge ABŞ üçin bir ölçeg bolup durýar.

“Şu gün neşir edilen hasabatlar biziň nirededigimiziň ýazgysy bolup durýar. Ol ýazgylarda öňümizdäki ýyllarda Birleşen Ştatlaryň beýleki ýurtlar baradaky diplomatik, ykdysady we strategik syýasatyny emele getirjek fakt esaslary berilýär” diýip, Klinton aýtdy.

Klintonyň aýtmagyna görä, ol raportlar bu syýasatlary suratlandyrmak üçin niýetlenilenok. “Ýöne Amerikan hökümetinde bu ugurda işleýän adamlary zerur maglumatlar bilen üpjün edýär”.

Klintonyň garaýşyça, bu maglumatlar bolan öňegidişlikleri ölçemäge, problemanyň şindi-de bar ýerlerini kesgitlemäge aktiwistler we hökümetler üçin bir gural: “Bu hasabatlar dünýäniň dürli jemgyýetlerinde batyrgaý göreşip, adam hukuklaryny goraýan aktiwistlere, bu hukuklaryň bozulan halatlaryny dokumentirleýän žurnalistler we alymlar üçin zerur gural bolup durýar”.

Uruş barýan ýerler

Hasabatda aýdylmagyna görä, 2009-njy ýylda parahat ilatyň adam hukuklarynyň bozulmagy bilen ýüzbe-ýüz bolan ýerleri, aýratyn-da ýaragly çaknyşyk we uruş barýan ýerleri.

Öten ýyl ýurtda ýüz beren gazaply hereketlerden iň agyr ejir çeken Owganystanyň parahat ilaty. Hökümet oba ýerlerinde ýaşaýan adamlary ýeterlik gorap bilenok.

Hasabatda Yrakda ýedi ýyla çeken uruş bilen baglanyşykly hökümetiň ýa onuň organlarynyň ençeme adamlary bikanun ýä ýersiz-ýere öldürenligi aýdylýar.

“Öten birnäçe ýyllykda hökümete degişli däl guramalaryň, adam hukuklary we beýleki guramalaryň üstünden çäklendirme girizen ýurtlaryň sany 25-den az däl” diýip, Döwlet sekratarynyň demokratiýa, adam hukuklary we zähmet baradaky kömekçisi Maikel Posner
aýtdy.

Eýran, Özbegistan we Hytaý

Hasabatda Eýranda adam hukuklarynyň ozal hem öwerlik däl ýagdaýynyň jedelli iýun saýlawlaryndan soň has hem ýaramazlaşandygy bellenilýär.

Birleşen Ştatlar mediany berk gysyp, hökümete tankydy garaýan neşirlere ýol bermeýänligi üçin özbek hökümetini-de tankytlaýar.

Hytaýda hem azlyklaryň, il bähbidi üçin göreşýän adwokatlaryň, şeýle hem häkimiýetler bilen pikirdeş hasaplanmaýan adamlaryň hukuklarynyň depgilenýänligi aýdylýar. Hasabatda: “Hökümetiň aýratyn-da uýgurlardyr tibetlilere görkezýän gysyşy uzak möhletli türme tussaglygyna, adamlaryň urlup-ýenjilip, gynalmagyna, eden-etdilik bilen tutulmagyna, olara ölüm jezasynyň berilmegine ýol açdy” diýilär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG