Sepleriň elýeterliligi

Päkistandaky hüjümde azyndan 13 adam heläk boldy


Päkistanyň demirgazyk-günbatarynda ölümine kaýyl bolanyň hüjümi netijesinde azyndan 13 adamyň heläk bolup, ýene 50-a golaý adamyň ýaralanandygyny Päkistanyň resmileri habar berdiler.

Bu barada berilen maglumatda, Swat regionynda ýerleşýän barlag nokadynyň golaýynda janyndan geçen hüjümçiniň ulagyny partladandygy aýdylýar.

Geçen ýylyň başynda Päkistanyň Swat regionynda döwlet goşunlary pitneçilere garşy giň göwrümli harby hereketleri geçirilipdiler.

Muňa garamazdan bu ýerde wagtal-wagtal dürli zorluklar ýüze çykýar.
XS
SM
MD
LG