Sepleriň elýeterliligi

Nazarbaýew: “Suw joşgunynda 35 adam heläk boldy”


Gazagystanyň prezidenti Nazarbaýew suw joşguny zerarly heläk bolan adamlaryň sanynyň 35-e barandygyny aýtdy.

Nursoltan Nazarbaýew Gyzyl Agaç obasynyň suwuň aşagynda galmagyna sebäp bolan derýa bentiniň ýykylmagyna günäkär adamlaryň jogapkärçilige çekiljekdigini aýtdy.

12-nji martda Gazagystanyň Almaty welaýatynda 2 derýa benti ýykylyp, netijede 3 müň ilatly Gyzyl Agaç obasyny suw basdy. Köp adamyň dereksiz ýitendigi aýdylýar.

Gyzyl Agaç obasynyň golaýyndaky bentiň hususy eýeçilige degişlidigi habar berilýär.

Ýagynyň yzygiderli dowam etmegi netijesinde ýykylan ikinji bent Gazagystanyň Garatal regionynda ýerleşýär.

12-nji martda Garatalyň golaýynda ýerleşýän obanyň ähli 820 ýaşaýjysy howpsyz ýerlere göçürildi diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG