Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Eýranda dini sebäpli yzarlamalar artýar


ABŞ Eýrandaky dini sebäpli yzarlamalaryň artmagyna alada bildirdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili geçen birnäçe hepdäniň dowamynda Eýranda bahai dinine uýýan 25 adamyň tussag edilendigini aýtdy.

Eýran türmelerinde öňden bäri hem 60-a golaý bahainiň dini sebäplere görä saklanýandygy habar berilýär.

Eýran häkimiýetleri içalyçylykda aýyplanan birnäçe bahai liderlerine aklawçylary bilen duşuşmaga rugsat bermedi.

Şu mesele ABŞ-ny alada goýýar diýlip, bu baradaky maglumatda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG