Sepleriň elýeterliligi

Taryhy faktlar bilen mifleriň, hyýalbent hekaýatlaryň arasynda köplenç ýer bilen gök ýaly tapawut bolýar. Emma muňa garamazdan, olaryň ikisi-de adam aňyna täsir ýetirýärler.

Ýöne bu taýda bir kanunalaýyklyk bar: jemgyýet näçe yzagalak bolsa, adamlar şonça-da miflere, rowaýatlara köp ýykgyn edýärler. Tersine, adamlaryň aňy näçe ösen, bilim derejesi näçe ýokary bolsa, mifleriň, rowaýatlaryň adam aňyna, dünýägaraýşyna edýän täsiri şonça-da gowşaýar. Ösen jemgyýetde adamlar taryhy faktlary, anyk sanlary, hasaplamalary, analitik netijeleri öwrenýärler we durmuşda şolardan ugur alýarlar.

Bu mesele bilen baglanyşykly alanyňda, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ýagdaýy nähili? Öz halkyňy gözüň göreji ýaly görseňem, eger aýagyňy ýerden üzmeseň, oňa ösen jemgyýet diýmek kyn. Sebäbi türkmen jemgyýeti anyk taryhy sebäplere görä, tas ähli ugurlardan diýen ýaly döwrebap ösüşden örän yza galdy.

Syýasy-ykdysady yzagalaklyk öz gezeginde türkmen jemgyýetini döwrap tehnologik ösüşdenem yzda goýdy. Türkmenler döwrüň iň progressiw, öňdebaryjy açyşy bolan kompýuter tehnologiýasyny, internet aragatnaşygyny-da ilden ençeme ýyl soň, diňe XXI asyryň birinji onýyllygynyň ahyrynda örän çäkli möçberde özleşdirmäge mümkinçilik aldylar.

SSSR ýykylansoň, Türkmenistanda emele gelen başistik diktatura boş takal bilen halkyň elinden 20 ýylyny aldy. Döwrebap jemgyýetlere mahsus tehnologik ösüşiň diňe ýaňy çetinden giren, ilatynyň diňe örän ujypsyz bölegi ýokary bilimli, döwrüň ähli ylmy gözleglerinden, açyşlaryndan bihabar jemgyýetiň häzirki zaman şertlerinde öz başyny çaramagy, milli özbaşdaklygyny saklap bilmegi mümkinmi? Bu ýagdaýda milli garaşsyzlyk diňe nominal gymmatlyga öwrülmezmi? Eger öz döwletini dolandyrmaga gatnaşdyrylmasa, halkyň öz tebigy baýlyklaryna erki ýetmese, onda onuň milli garaşsyzlygy nämeden ybarat? Beýle garaşsyzlyk diňe adaty formallyk dälmidir? Iş ýüzünde Türkmenistan häzir kolonializmiň täze görnüşine uçramadymy?

Faktlar ýa-da bedroý mif

Hakykatdan daş düşmezden, bu soraga ”ýok” diýmek kyn. Faktlar inkär ederden köp. Bu tragiki petikden iru-giç baş alyp çykyljak bolsa, milleti çökeren sebäpler düýpli analiz edilmeli. Neogulçulykdan başyňy gutarmak aňsat wezipe däl. Garaşsyzlyk döwründe düşülen syýasy-ykdysady, sosial-medeni ýagdaý düýpli hem töwrekleýin analiz edilse hem-de emele gelen ýagdaýdan baş alyp çykmagyň çäreleri tapylsa, belki-de bu türkmenleri abanyp gelýän milli derbi-dagynçylykdan, milli ejizlikden halas edip bilerdi. Öz geljegimiziň hatyrasyna bize dürli miflerden halas bolmak hem zerur. Garaşsyzlyk ýyllaryndaky agyr syýasy-ykdysady, sosial ýagdaý döwrebap mifleriň birnäçesini döretdi. Şolaryň iň howplularynyň biri-de türkmenler üçin kolonializmiň, gulçulygyň erkinlikden gowudygy hakyndaky bedroý mifdir.

Bu mife görä, sowet döwründe Türkmenistanda ösen jemgyýet bolanmyş, garaşsyzlyk bolsa ol ösen jemgyýetiň ýok bolmagyna getirenmiş. Emma bu rowaýata uýýanlar iň esasy hakykaty – SSSR ýykylansoň Türkmenistanda emele gelen başizmiň öz köklerini hut kolonializm döwründen alyp gaýdýanlygyny unudýarlar. Garaşsyzlygy gulçulyga öwren S.Nyýazow sowet häkimiýetiniň ýetişdiren syýasatçysy, onuň garşysyna durup bilmedik jemgyýet hem hut sowet kolonializminiň apologetleriniň öwüp, arşa çykarýan türkmen-sowet jemgyýeti!

Eger-de häzirki hyýalbent hekaýatlarda suratlandyrylyşy ýaly türkmen-sowet jemgyýeti ylymly-bilimli, tehnologik taýdan ösen jemgyýet bolan bolsady, onda bir çalasowat despot ol jemgyýeti kül edip, ylymly-bilimli adamlaryň millionlarçasyny lepbeýçi gullara öwrüp bilmezdi. Sebäbi bu prinsipde mümkin däl. Eger-de bu gabahat iş bir diýdimzor diktatora we onuň töweregindäki oýnam sany ýaranjaňa hem bäş-üç sany kese ýerli hakynatutma başardan bolsa, onda öwgüli türkmen-sowet jemgyýetiniň ozalynda içinden çüýrändigini, ol jemgyýetiň progressiw böleginiň, şol sanda ylymly-bilimli, düşünjeli gatlagynyň hem edil gaýmak ýaly ýuka bolanlygyny we ol naşyja gatlagyň ilkinji öwsen yzgytsyz şemala döz gelip bilmän, pytrap gidendigini boýun almakdan başga çäre galmaýar.

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG