Sepleriň elýeterliligi

Namysyny ýere kim çalýar?


Aşgabat şäheriniň 100 fontan diýen raýonyň ýerlerinde we şol raýonyň çägindäki Surikow köçesiniň ugrunda tümlük kebeliklerine günüň islendik wagtynda duşmak bolýar.

Aşgabat şäheriniň 100 fontan diýen raýonyň ýerlerinde we şol raýonyň çägindäki Surikow köçesiniň ugrunda tümlük kebeliklerine günüň islendik wagtynda duşmak bolýar.

Şu gün daşary ýurt medialarynyň birinden bir habar okadym. Ol habarda Azerbaýjandan, Türkmenistandan Türkiýä baran aýal-gyzlaryň birnäçesiniň ahlak bozuklygy bilen meşgullanýan wagty ele düşendikleri aýdylýardy.

Ol aýallaryň gazetde çagalara eneke bolmak üçin işe çagyrýan bildirişi okap, Türkiýä barandyklary hakda polisiýa görkezme berendikleri barada ele düşen zenanlar hakdaky habarda aýdylýardy.

Türkiýä işe diýip gidýän aýallar, umuman, bize mälim bolan maglumatlara görä, Türkmenistanda işleýän käbir türk firmalarynyň we türkler bilen işleşýän käbir türkmen firmalarynyň üsti bilen gidýärler. Ol zenanlaryň käbiri özleriniň çaga eneke bolýandygyny, käbiri bolsa gap-gaç ýuwup işleýändigini aýdýarlar.

Olaryň gürrüňine görä, enekelik üçin olara aýda bäş ýüz amerikan dollary tölenýär. Ýöne daşary ýurt mediasyndaky ýeňleslikde tutulan aýallar hakdaky habary okaňsoň, ol «enekelige» gidýänleriň kimdigine göz ýetirýärsiň.

Elbetde, Soýuzdan aýrylyp çykan respublikalarda, şol sanda Türkmenistanda-da işsizlik, erkek kişileriň neşekeşlige ulaşyp, maşgala eklemegiň aýallaryň başyna düşmesi ýaly betbagtçylyklar kän. Jaý ýykylmalar, jaý almak üçin gazanç çeşmesini edinmek adamlary her ýola atardy.

Bir zady aýdyp biljek


Ýöne Türkmenistan meselesinde bir zady aýdyp biljek: türkmenlerde terbiýesi şeýle bir bek maşgalalar bar, olar jaý tapmasa, ýerden ýerküme gazyp ýaşarlar welin, jelepçilik ýoly bilen jaý almaýarlar. Şeýle arassa maşgalalar derekli düşewünt bolmasa-da, ekin ekýärler, mal bakýarlar, köçe süpürýärler, zir-zibil dökýärler, nagyş bejerýärler, alaja ýüp örýärler, ýüplük reňkleýärler, janyňa howp saljak işleri edýärler welin, jelepçilik ýoluna düşmeýärler.

Şeýle bir arassa aýal maşgalalar bar: olar kerpiç zawodlarynda agyr-agyr kerpiçleri göterýärler, gijeki işlerde işleýärler, keselhanalaryň ganly düşekçelerini ýuwýarlar, gijesi bilen awtobus ýuwýarlar, demir ýollarda işleýärler... Üstesine zawodlarda çüýşe ýuwup, gijeler ýatman, keşde çekip, neşekeş ýan ýoldaşlaryna-da neşe pulam berýärler. Şeýle maşgalalar örän kän.

Jelepçilik ýoluna düşýänleriň köpüsi çagasyna terbiýe berip bilmeýän maşgalalaryň çagalary. «Türkiýä işe gidýän» diýip gidýänleriň köpüsi öz ýurdunda-da işläp ýurda hezil berýän adamlar däl. Mydama ýeňil eklenjiň yzynda. Jelepçilik edýänler ýurduň öz içinde-de ýeterlik. Ýöne türkmen polisiýasy olara hiç hili çäre görmeýär.

Başistik hökümetiň türkmeniň aýalynyň - erkeginiň başyna salan agyr günleri kän. Türkmenler gaty kösenýärler. Aýratyn-da, ýan ýoldaşlary neşekeşlige ulaşan, adamsy ýogalan aýallar kösenýärler. Emma şonda-da olar daşary ýurda gidip, jelepçilik etmeýärler. Daşary ýurtda-da, içeri ýurtda-da jelepçilik edýänleriň köpüsi şol bir terbiýesiz adamlaryň çagalary.

Hökümet arassa aýal maşgalalaryň kynçylyklaryny çözmäge kömek etjek bolmaly. Olary sylamaly. Aýal-gyzlaryň abraýy - ýurduň abraýy.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG