Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halk nirede ýaşamaly?


12-nji martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň Aşgabat şäherine hem-de onuň töweregine aýlanyp görendigini habar berdi.

Prezident paýtagtyň töwereginde wagtlaýyn gurlan jaýlaryň köpdügini aýtdy hem-de Türkmenistanyň baş prokurory Ç.Hojamyradowa we Içeri işler ministri I.Mulikowa şäheriň her bir etrabynda işleriň ýagdaýyna, arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmegi, paýtagtyň daş-töwereginde jaýlaryň bikanun gurulmagynyň öňüni almagy tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet baştutany Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewden wagtlaýyn gurlan jaýlary aýyrmak boýunça maksatnamany işläp taýýarlamagy talap etdi.

«Wagtlaýyn gurlan jaý»

Bu «wagtlaýyn gurlan jaý» diýilýänler näme? Olar nireden peýda boldy? Olarda kimler ýaşaýar?

Ol «wagtlaýyn gurlan jaý» diýilýänler prezident Nyýazowyň paýtagtyň keşbini täzelemek maksady bilen jaý ýykmak syýasatynyň netijesinde dörän hütdükler.

Prezident Nyýazowyň döwründe öýi ýykylan adamlara-da, maşgaladaky adamlaryň sanynyň artmagynyň we kiçi ýaşlylaryň ýetişip, öý-işik bolmagynyň netijesinde ulalan maşgalalara-da hiç hili jaý berilmedi. Diňe jaý däl, hatda ýigrimi ýyl bäri halka mellek berilmedi.

Iki-üç maşgala bilen iki-üç otagly jaýda ýaşamak adamlara aňsat düşmedi. Ýagdaýy ýetenler ýalbar-ýakar bilen kanalyň gaýra ýüzünden - tozap ýatan çölüň içinden häkimliklerden jaý aldylar hem-de iki-üç müň dollara wagtlaýyn ýaşar ýaly tünek edindiler.

«Wagtlaýyn gurlan jaý» diýilýän bu jaýlar paýtagtyň merkezinden şeýle bir uzakda ýerleşýär. Ol ýerlere awtobus marşrutlary hem derekli gatnamaýar. Mundan başga-da ol ýerlerde gaz, tok, suw meselesi-de problema. Ýöne şonda-da paýtagtda öýleri ýykylyp, häkimligiň beren iki otagly kwartirasyna sygyp bilmän galan uly maşgalalar mejbury ýagdaýda bu ýerde mellek alyp, kiçiräk hütdüjek gurunýarlar.

Halkyň pulsuzlygyndan bihabar ýa-da bihabarsyraýan häkimiýetler paýtagtda-da, onuň çet gyralarynda-da owadan jaýlary salmagy talap edýärler. Owadan jaýlaryň iň ýönekeýjesiniň («Arkaçgurluşyk» gurluşyk edarasynyň salýan jaýlarynyň) iki otaglysynyň bahasy kyrk müň amerikan dollary. Ilatyň ortaçy aýlyk haky bolsa 150-200 amerikan dollary.

Indi nirä gitmeli?

Häkimiýetlerden «jaý ber» diýen talaby edip bilmeýän adamlar sesini çykarman, nähilidir bir günlük bilen sygyr döle ýaly hütdük salnyp, şonda gün görýärler. Indi prezidentiň buýurmagynyň netijesinde halkyň şojagaz hütdükleri-de ýykyljak. Halk nirä gitmeli? Nirede ýaşamaly?

Ine, hernäçe ýygnak geçirseler-de, mejlis geçirseler-de, häkimiýetler şu sowallara welin jogap berenoklar. Şäheriň merkezinde «elita» diýlip gurlan jaýlaryň köp kwartiralary bolsa boş dur. Olaryň bahasynyň iň pesi ýüz müň amerikan dollary. Ýöne ol jaýlary indi hiç kim satyn alanok. Sebäbi puldarlar-a ol jaýlardan özlerine alyp goýdular. Gazanjy pes bolan ilat köpçüligi bolsa olary satyn alyp bilmeýär.

Häzir Aşgabatda sebitde iň bir gymmat otel bolan “Oguzkent” oteliniň gurluşygy tamamlanyp gelýär. Şol oteliň gurluşygy doly tamamlanansoň, paýtagtyň «Sekizinji mart», «Gaža» diýilýän ýerleriniň töwereginiň ählisindäki jaýlar ýykylmaly. Sebäbi bu gymmatbaha oteliň ýokarky gatlaryndan halkyň ýaşaýan hütdükleri örän betnyşan bolup görünýär. Bu agzalýan howly jaýlarda Aşgabadyň ep-esli ilaty ýaşaýar.

Halkyň ýaşaýan tüneklerini ýykmak hakda, ine, ýene-de bir görkezm-ä berildi. Biçäre halkyň: «Jaýyma eliňi degirme» diýen sözi aýtmaga-ha ýagdaýly ýok. Başa gelenini ýene bir gezek çeker-dä...

Garýagdy Meläýew Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG