Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň dolandyryjy partiýasy oppozision partiýalary aýyplaýar


Düýn Orsýetiň dolandyryjy «Ýedinaýa Rossiýa» partiýasy ýurduň regionlarynda geçirilen ýerli geňeşelere saýlawlarda oppozision partiýalary galplyklara ýol berenlikde aýyplady.

Adatça «Ýedinaýa Rossiýa» partiýasynyň ýurtda geçirilýän saýlawlary adalatly we demokratik saýlawlar hökmünde gorap çykyş edýändigine garamazdan, düýn bu partiýanyň parlamentdäki deputatlaryndan biri Wýaçeslaw Timçenko düýnki saýlawlarda giň gerimde galplyklaryň amala aşyrylandygyny nygtap, beýanat ýaýratdy.

Ol özüniň bu beýanatynda esasan Kommunistik partiýany, Liberal Demokratik partiýany we «Sprawedliwaýa Rossiýa» partiýasyny sesleri galplaşdyrmakda aýyplady.

Orsýetiň ýerli Geňeşlerine geçirilen bu saýlawlaryň deslapky netijeleri şu gün yglan ediler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG