Sepleriň elýeterliligi

Eýran Fatah bilen Hamas toparlaryny ýaraşdyrmaga taýýar


Düýn Eýranyň hökümeti Palestinanyň öz içerki garşylykly toparlary bolan Fatah bilen Hamas toparlaryny özara barlyşdyrmaga ýardam etmäge taýýardygyny mälim etdi.

Bu wakanyň öňýany, geçen hepdäniň anna güni Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas geçen ýyl Hamas toparynyň Fatah partiýasy bilen barlyşyga gol çekmekden ýüz öwürmeginde Eýrany aýyplap çykyş etdi. Geçen ýylky şol gepleşiklere Müsür araçyllyk edipdi.

2007-nji ýylda Palestinada geçirilen saýlawlarda Hamas topary öz gazanan ýeňşiniň yzy bilen, Fatah toparyny Palestinanyň Gaza Sektoryndan doly gysyp çykarypdy.

Şondan bäri Günbatar Kenarda öz kontrollygyny saklaýan Fatah partiýasy bilen Gaza Sektoryndaky Hamasyň arasynda duşmançylyk dowam edip gelýär.
XS
SM
MD
LG