Sepleriň elýeterliligi

Ministrler Kabinetiniň soňky maslahaty ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýokarky gatlaklaryndaky inisiatiwa bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň örän gözgynydygyna aýdyň mysal boldy. Bu aýratynam Türkmenistanyň awtomobil ýollarynyň ýagdaýyna syn berlende ýüze çykdy.

«Türkmenýollary» döwlet konserni ýollaryň ýagdaýy barada az jogapkärçilik çekmeýär. Maslahatyň netijesinde konserniň işinde hiç hili perspektiwanyň ýokdugy ýüze çykdy. Bu konsernde hatda talabalaýyk baş planyň hem ýokdugy belli boldy.

Netijede Ministrler Kabinetiniň bu maslahatynda prezidentiň hut özi tutuş konserniň we onuň köpsanly ýolbaşçylarynyň ýerine zerur planlary işläp düzmeli boldy. Ol ýurtdaky ýollaryň ýagdaýyny kämilleşdirmek barada anyk planlary öňe sürdi. Ýagny, «Türkmenýollary» döwlet konserniniň görkezmeli inisiatiwasyny prezidentiň özi görkezdi. Başgaça aýtsak, bu maslahatda ýokardan berilýän görkezmelere garaşmak we inisiatiwa görkezmekden gorkmak ýaly köne býurokratik kesel aýdyň göze ildi.

Öz döwründe Nyýazowyň häkimiýeti tarapyndan dolandyryşyň ähli gatlaklarynyň üstünden ýöredilen doly tabyn ediş usuly maslahatda öz netijelerini görkezdi. Bu ýüze çykan ýagdaý bolsa öz gezeginde häzirki prezidentiň örän gaharyny getirdi we ol «Türkmenýollary» döwlet konserniniň başlygy Sarybaýewe berk käýinç yglan etdi.

Şol bir wagtyň özünde-de prezident Türkmenistanda häzirki wagta çenli ýurduň öz güýji bilen gurlan ýekeje-de ýokary hilli awtomobil ýolunyň ýoklugy üçin alada bildirdi.

Esasy kemçiliklerden biri

Ýagdaýa näçe içgin garaldygyça, şonça-da dolandyryşyň ähli gatlaklaryny boýun egdirmek sistemasynyň esasy kemçiliklerinden biri aýdyňlaşyp başlady.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda onlarça ýyllaryň dowamynda aşakdan gelýän inisiatiwalara garşy gazaply çäreler görlüp gelindi. Şonuň netijesinde-de häkimiýet gatlaklarynda islendik söze tabyn, boýun egiji we dilsiz-agyzsyz ýerine ýetirijileriň giden bir nesli ýetişdi. Ol dolandyryjy nesil bolsa ýokarky başlyklara ýallaklamak we olary wasp etmek bilen meşgullandy. Bu dolandyryjy nesliň wekillerinden hiç biri hiç bir zat barada öz üstüne jogapkärçilik almak islänok.

Olar, şol köne endige görä, henizem öz kellelerini ”gora sokmak” islemeýärler. Täze haý-haýly planlary we özgerişleri amala aşyrmaga bolan synanyşyklar döwründe çinownikleriň bu köne endikleriniň işe diňe böwet bolýandygy görünýär.

Mundan birnäçe hepde ozal prezidentiň hut özüniň oppozision partiýalary döretmek teklibi bilen çykyş etmegi-de ýöne ýerden däl bolsa gerek. Onuň şeýle inisiatiwa bilen çykyş etmeginiň sebäplerinden biriniň hem graždanlaryň jemgyýetçilik aktiwliginiň pesligi bilen baglanyşykly bolmagy mümkindir.

Şol bir alamat

Maslahatda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işi hem maslahatlaşyldy. Bu meselede-de prezident parlamentiň işiniň döwrüň talabyndan yza galýandygyny bellemek bilen onuň kemçiliklerine kesgitli diagnoz goýdy.

Başgaça aýtsak, parlamentiň işi babatynda-da şol bir alamat ýüze çykdy, ýagny ideýalar we täze teklipler bilen deputatlaryň özleri prezidente ýüzlenmediler-de, eýse, adatdakysy ýaly, ýene prezidentiň özi olary kanunlary modernleşdirmekde aktiwlige we döredijilikli işlemäge çagyrmaly boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenleriň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan medeniýetine buýsanýandygyny nygtap gelýär. Türkmenleriň medeniýetindäki bar bolan potensialy wadalar, çagyryşlar ýa-da güýç bilen oýaryp bolmajakdygyny bolsa dünýä tejribesi görkezýär.

Adamlar diýdimzorlukdan emele gelen ýapyklykdan, has dogrusy, zyndandan nähilidir bir çykalga gören halatlarynda hereket edip başlaýarlar. Beýle çykalga bolsa hemişe belli bir derejede erkinlige bagly bolýar.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG