Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň gynamalar boýunça wekili Eýrana barar


Birleşen Milletler Guramasynyň tussaglaryň gynalmagyna garşy göreş baradaky ýörite hasabatçysy Manfred Nowak

Birleşen Milletler Guramasynyň tussaglaryň gynalmagyna garşy göreş baradaky ýörite hasabatçysy Manfred Nowak

Birleşen Milletler Guramasynyň tussaglaryň gynalmagyna garşy göreş baradaky ýörite hasabatçysy Manfred Nowagyň Eýrana etjek sapary bilen baglanyşykly söhbetdeşlik. Söhbetdişligi alyp baran Farda Radiosynyň habarçysy Jawad Kouroşi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Birleşen Milletler Guramasynyň öten aý Ženewada geçen adam hukuklary baradaky konferensiýasynda Eýrana bu guramanyň ýörite wekilini ibermek pikiri barada gürrüň edildi. Munda agzalan hem siziň adyňyz boldy. Birleşen Milletler Guramasyndan bu barada basym bir karara garaşyp bolarmy?

Manfred Nowak: Bu ýerde gürrüňi edilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary Geňeşiniň karary däl. Bu Eýran hökümetiniň meni resmi taýdan çagyryp-çagyrmazlygyna bagly. Tähran bu işi etmeli diýip köp ýurtlar aýtdylar. Ýöne Eýran hökümeti häzire çenli bu teklibe, bu ündewe eýermän gelýär. Ýaňy golaýda Eýranyň Wenadaky ilçisi bilen bir oňaýly söhbetdeşligimiz boldy. Ol bu pikiri goldaýar, ýöne Eýrana gidip biljekdigim entek belli däl.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Eger çakylyk gelse, kabul edermisiňiz?

Manfred Nowak: Elbetde, men adaty çakylygy kabul etjekdigimi Eýran hökümetine öten ýyl ençeme gezek mälim etdim. Men Eýrana sapar etmäge höwesek. Bu iş bitse, gaty begenjek. Aýratyn-da saýlawlardan soň hem-de Eýranda tussaglykda bendileriň gynalýanlygy aýdylýar. Dogrusy, bu meni gaty aladalandyrýar. Bu aýdylýan zatlar ençeme gezek inkär edildi. Ýöne iň gowusy, öz ýerinde baryp barlamak.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Bu siziň Eýranda bolýan wakalary ýakyndan yzarlaýandygyňyzy görkezýär. Şeýlemi?


Manfred Nowak: Elbetde, ýeke Eýran däl, beýleki ýurtlar barada hem şeýle. Biziň gürrüňini edýänimiz ýeke saýlawlardan soň turan dawa-jenjel däl. Bizi adamlaryň ölüme höküm edilmegi, bu hökümleriň ýerine ýetirilmegi-de aladalandyrýar. Men Eýran hökümetine gyssagly çagyryş bilen ençeme gezek ýüz tutdum. Bularyň käbiri edildi, käbiri-de netije bermedi. Aýallara ýa ýetginjeklere ölüm jezasy berilmegi adamkärçilige sygýan zat däl.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Siziň barlag alyp baran bir belli ýeriňiz taliban diýip guman edilýänleriň we beýleki adamlaryň bendilikde saklanylýan ýeri Guantanamo lageri boldy. Bu barada käbir zatlary aýdyp beräýseňiz.

Manfred Nowak: Bu barada men Bushuň administrasiýasynyň çakylygyny kabul etmedim. Sebäbi ol bendiler bilen ikiçäk gürleşmäge rugsat etmeýärdi. Ýöne Guantanamodan boşadylan adamlar bilen soňra Angliýa ýa Fransiýa ýaly ýurtlarda gürleşip, lagerdäki ýagdaý barada maglumat edindik. Köp zatlaryň halkara hukugyna we adam hukuklaryna tersdigine göz ýetirenimizden soň, bu lageriň ýapylmagyny talap etdik. Täze saýlanan prezident Barak Obama biziň talabymyza derrew reaksiýa görkezip, wezipe başyna geleninden iki gün soň ony bir ýylyň içinde ýapjakdygy aýtdy. Ýöne bu iş şu wagta çenli bolman gelýär. Muňa hem sebäp bolýan bir tarapdan Amerikan Kongresiniň bu işi bökdeýänligi, bir tarapdan-da Ýerwropa we beýleki ýurtlaryň Guantanamo tussaglaryna öz territoriýalaryna gelmäge ýol bermeýänligi. Ýöne men bu lager ýakyn geljekde ýapylar diýip, umyt edýärin.
XS
SM
MD
LG