Sepleriň elýeterliligi

Gürji telekanalynyň ýolbaşçysy wezipesinden çekilmekçi däl


Orsýetiň Gürjüstany basyp alanlygy barada toslama maglumaty efire berip halk arasynda howsalanyň döremegine ýol açan gürji telekanalynyň ýolbaşçysy wezipesinden çekilmejegini aýtdy.

“Imedi” telekanalynyň ýolbaşçysy we Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwiliniň ýakyn ýarany bolan Giorgi Arweladze habaryň görkeziliş usuly boýunça adamlardan ötünç sorady.

Ol bu mesele bilen bagly eden çykyşynda, bu habaryň maksadynyň ýurtda howsala döretmek däl, eýsem şeýle wakanyň bolmagynyň mümkindigine ünsi çekmekden ybarat bolanlygyny aýtdy.

“Imedi” telekanalynda şenbe güni giçlik görkezilen habarda Orsýetiň gürji oppozision partiýalarynyň kömegi bilen Gürjistana çozanlygy we prezident Mihail Saakaşwiliniň öldürilenligi habar berlipdi.

Bu maglumat Gürjüstanda howsalanyň döremegine sebäp bolup, ilat 2008-nji ýylyň awgust aýynda bolan çaknaşygyň gaýtalananlygyndan howatyr edip başladylar.

Gürji oppozisiýasy media täsir ýetirmek arkaly tankytçylaryny basyp ýatyrmaga synanyşýanlykda hökümeti aýyplady.
XS
SM
MD
LG