Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa we Hytaý Eýran barada maslahat eder


Britaniýanyň daşary işler ministri Deýwid Miliband Eýranyň ýadro programmasynyň “hakyky howp” abandyrýanlygyny aýdyp, Tähranyň ýadro ýaraglaryna eýe bolmagynyň öňüni almak üçin dünýäniň güýçli ýurtlarynyň bilelikde tagalla etmelidigini aýtdy.

Miliband Hytaýyň premýer-ministri Wen Jiabao we daşary işler ministri Ýang Jieçi bilen boljak duşuşyklarynda Eýranyň ýagdro programmasynyň halkara jemgyýetçiligine abandyrýan howpunyň nähili öňini alyp boljakdygy barada gepleşikler geçirjekdigini hem belledi.

Miliband bu baradaky pikirini Hytaýya edýän saparynyň ilkinji gününde öňe sürdi. Ol Eýrany bu programmasyny ýatyrmaga mejbur etmek üçin täze sanksiýalaryň girizilmegini goldap çykyş edýär.

Eýran ýadro programmasy barada Günbatar tarapyndan öňe sürülýän aýyplamalary ret edip, bu programmasynyň parahatçylyk maksatlaryna eýerýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG