Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň daşary işler ministri Türkmenistana sapar edýär


Orsýetiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, ýurduň daşary işler ministri Sergeý Lawrow şu gün Türkmenistana sapar edýär.

Lawrow iki gün dowam etjek bu saparynyň baryşynda türkmen ýolbaşçylary bilen iki ýurduň arasyndaky söwda, ykdysady we beýleki ugurlar boýunça aragatnaşygy artdyrmak barada pikir alyşar.

Orsýetiň hökümetiniň metbugat wekili Andreý Nesterenko salgylanylyp çap edilen habarlarda, Orsýetiň Türkmenistan bilen aragatnaşygyna aýratyn ähmiýet berýänligi we özara bähbitli hyzmatdaşlygy artdyrmak barada tagalla edýänligi aýdylýar.

Nesterenko ýolbaşçylaryň arasynda boljak duşuşyklarda halkara meseleler, Merkezi Aziýadaky ýagdaýlar we Türkmenistan bilen Orsýetiň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek barada gürrüň ediljekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG