Sepleriň elýeterliligi

Rus delegasiýasy Aşgabada bardy


Öten agşam Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýolbaşçylygynda ýörite wekilçilikli delegasiýa Aşgabada bardy.

Türkmenistana saparlarynyň barşynda Orsýetiň delegasiýa agzalary ýurduň ençeme ministrliklerinde we guramalarynda, şol sanda, Daşary işler ministrliginde hem ikitaraplaýyn gepleşik geçirerler.

Bu gepleşiklerde dürli ugurlar boýunça iki ýurduň arasynda dowam edip gelýän hyzmatdaşlyklary ösdürmekligiň perspektiwalaryna garaljakdygy habar berilýär.

Şu gün Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul eder diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG