Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzstanly aktiwist Täjigistanyň türmesinde saklanýar


Düýn gyrgyzstanly ynsan hukuklaryny goraýjy belli aktiwist Nematullo Botakoziýewiň agasy öz inisiniň Täjigistanyň türmesinde saklanýandygyny habar berdi.

Azat Ýewropa Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugyna beren interwýusynda Muhammedsoleh Muhammedtohir öz inisi Nematullo Botakoziýewiň geçen aý Täjigistanyň paýtagty Duşenbede ýitirim bolandygyny we häzirki wagt onuň tussaghanadadygynyň anyklanandygyny aýtdy. Bu maglumaty düýn Täjigistanyň Içeri işler ministrligi hem tassyklady.

2008-nji ýylda Gyrgyzstanyň häkimiýetleri Nematullo Botakoziýewi bikanun protest çykyşlaryny gurnanlykda we kanunçylygy bozanlykda aýyplap, ony tussag etmek barada buýruk çykarypdy. Şol wakanyň yzy bilenem Nematullo Botakoziýew syýasy gaçybatalga sorap, Täjigistana barypdy.
XS
SM
MD
LG