Sepleriň elýeterliligi

Saakaşwili: “Telewideniýedäki yalan habar «zyýanly» waka”


Gürjüstanyň telewideniýesinde Orsýetiň Gürjüstana hüjüm edýändigini görkezýän toslama reportažyň efire berilmegini başda gorap çykyş eden prezident Sakaaşwili düýn bu wakany Gürjüstanyň jemgyýeti üçin «zyýanly» waka diýip atlandyrdy.

Ýatladyp geçsek, geçen hepdäniň şenbe güni Gürjüstanyň «Imedi» telekanaly tarapyndan efire berlen bu programmada Orsýetiň tanklarynyň Gürjüstanyň territoriýasyna girip, paýtagt Tbilisä golaýlap gelýändikleri habar berildi. Şeýle hem onda ýurduň prezidenti Mihail Saakaşwiliniň öldürilendigi-de aýdyldy.

Efire berlen bu toslama reportaž Gürjüstanyň ilatynyň arasynda uly dowul döretdi we bu waka bilen baglanyşykly prezident Saakaşwiliniň adyna tankydy çykyşlar möwç aldy.
XS
SM
MD
LG