Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Moskwa barar


Şu hepde Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton Moskwa sapar etmekligi planlaşdyrýar.

18-nji we 19-njy martda etjek bu saparynda Hillary Klinton Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen duşuşyp, strategik ýaraglaryň sanyny kemeltmek barada iki ýurduň arasynda göz öňünde tutulýan täze ylalaşyk bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alşar diýlip garaşylýar.

Mundan daşary, Döwlet sekretary Hillary Klinton Moskwada Birleşen Ştatlaryň käbir halkara partnýorlary bilen Ýakyn Gündogar parahatçylyk prosesi barada gepleşik geçirmekligi-de planlaşdyrýar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti düýn bu baradaky gepleşiklere Hillary Klinton bilen birlikde BMG-niň Baş sekretary Bangi Munyň, Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar bölüminiň ýolbaşçysy Katerin Aştonyň, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň we käbir beýleki ýokary derejeli resmileriň gatnaşjakdyklaryny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG