Sepleriň elýeterliligi

Tatarystan tanymal intelligentini soňky ýoluna ugratdy


Tatarystanyň syýasy, ylmy we medeni jemgyýetçiligi şu gün Kazanda tanymal jemgyýetçilik işgäri Mansur Hasanowy soňky ýoluna ugratdy.

80 ýaşynda aradan çykan Mansur Hasanow Kazanyň Arça gonamçylygynda jaýlandy.

Tatar prezidenti Minetmir Şaýmiýew «bu gün tatar halky öz intellegensiýasynyň iň bir tanymal wekilleriniň birini jaýlaýar» diýdi.

Ol Hasanowyň tatar halkynyň medeniýeti, bilimi we sungaty üçin uly işleri edendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG