Sepleriň elýeterliligi

Ebadi: «Günbatar Eýrandaky hukuk bozmalara göz ýumýar»


Eýranly Nobel baýragynyň eýesi Şirin Ebadi günbatar ýurtlarynyň Eýranyň ýadro programmasy baradaky aladasy olaryň bu ýurtdaky hukuk bozulmalaryny gözüni gapýar diýdi.

Ebadi duşenbe güni Parižde özüniň Fransiýada çykan kitaby mynasybetli guralan metbugat ýygnagynda çykyş edip, halkara ünsüniň Eýranyň ýadro programmasyna gönükmegi bu ýurtdaky hukuk bozulmalarynyň gözden salynmagyna getirdi diýdi.

Ebadi Eýranyň iki sany gamgyn birinjiliginiň bardygyny, bu ýurduň türmä basylan žurnalistleriň we 18 ýaşdan bärde jezalandyrylyp öldürilýän jenaýatçylaryň sany boýunça öňde durýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG