Sepleriň elýeterliligi

Dünýäniň iň kelte adamy aradan çykdy


Dünýäniň iň kelte adamy, hytaýly Hi Piňpiň 21 ýaşynda aradan çykdy. Onuň boýy 74 santimetrden sähel geçýärdi.

Ginnesiň dünýä rekordalary kitaby onuň şenbe güni Rimde, ýürek hassalygyndan ýogalandygyny aýtdy. Ol Rimde teleşowa gatnaşýan eken.

Hi ölemen çilimkeş eken we maşgalasy onuň boýunyň ösmeginiň 18 ýaşanyndan soň togtandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG