Sepleriň elýeterliligi

“Gresiýa goldanar, ýöne her ýagdaýda däl”


"Bazara ýetiriljek bolunýan Gresiýa her bir ýagdaýda goldanar diýildigi däl" diýip, ýewro toparynyň başlygy Luksemburgyň premýer-ministri Jean Kluade Junker aýtdy.

"Bazara ýetiriljek bolunýan Gresiýa her bir ýagdaýda goldanar diýildigi däl" diýip, ýewro toparynyň başlygy Luksemburgyň premýer-ministri Jean Kluade Junker aýtdy.

Maliýe krizisinde Gresiýany goldamak barada ençeme hepdeläp berlen boş wadalardan soň, bu ýurt bergileriniň aşagynda çökmez ýaly, Ýewropa Bileleşiginiň ýewro topary bir plan taýýarlady.

Ýewro zonasyna degişli 16 ýurduň maliýe ministerleri 15-nji martda Brýusselde bu planyň esasy ugurlary hakda ylalaşdylar. Bu barada entek doly maglumat ýok.

Ýöne Ýewropa Bileleşigine agza hökümetleriň adaty derejesinden ýokary prosent bilen Afina pul karz beriljekdigi aýdylýar. Bu işi isleýän ýurt Gresiýa bilen özara ylalaşyp, ikitaraplaýyn edip bilýär ýa-da birnäçe ýurt bileleşip, edip bilýärler. Kreditler garantirlenmeýär.
Bu bir söwda işi bolansoň, Ýewropa Bileleşiginiň “Agza ýurtlar beýleki agzalaryň bergilerini öz üstüne almaly däl” diýen düzgünine ters gelmeýär.

Bileleşigiň ministerleri özleriniň Gresiýa bergilerini töläp bilmez diýip pikir etmeýändiklerini ile ýetirjek bolup, elde baryny edýärler. Olar bu çäreleriň häzirki ýagdaýa görä göz öňünde tutulandygyny nygtaýarlar.

“Bazara ýetiriljek bolunýan Gresiýa her bir ýagdaýda goldanar diýildigi däl. Ol diňe gerek bolan ýagdaýynda goldalar. Biz bu gerek bolar diýip, pikir edemzok. Ýöne ýagdaýa görä karar bermeli” diýip, ýewro toparynyň başlygy Luksemburgyň premýer-ministri Jean Kluade Junker aýtdy.

Başga bir alada ýatyr

Fransiýa we Germaniýanyň maliýe ministrleri-de halas ediş işleri gerek bolmaz diýen pikirden ugur alýarlar. Gresiýa maliýe ýagdaýyny düzetmek üçin berk çäreler girizdi. Ýewropa Bileleşiginde ol öz güýjüne krizisden çykmaga bu çäreler ýeterlik diýip, pikir edilýär.

Ýöne bu edilýän tagallalaryň aňyrsynda başga bir alada ýatyr. Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary Gresiýanyň bergilerini töläp bilmezligi ýewronyň ynamdan gaçmagyna getirer, onsoň maýa goýujylar Ispaniýa we Portugaliýa ýaly ýokary bergili agza ýurtlardan hem çekiler diýip, iňkis edýärler. Bu gorky esassyz hem däl. Öten noýabrdan bäri ýewro dollara bolan gatnaşykda 10 prosent aşaklady.

Ýewro toparynyň Daşary işler ministrleri tarapyndan çykarylan beýannamadan belli bolşy ýaly, olary aladalandyrýan Gresiýa däl-de, ýewronyň ýagdaýy. Bu beýannamada: “Maksat ýewronyň durnuklylygyny goramak” diýilýär.

Gresiýany halas etmek baradaky bu plan indi Ýewropa Bileleşigine agza 27 döwletiň ýolbaşçylary tarapyndan oňlanylmaly. Bu hem Bileleşigiň 25-26-njy martda Brýusselde geçmeli ýokary derejedäki duşuşyndan bärde bolar diýlip, pikir edilmeýär.
XS
SM
MD
LG