Sepleriň elýeterliligi

Wenada bolan duşuşyk netije berermi?


"Eurasian Transition Group" toparynyň başlygy Michel Laubsch.

"Eurasian Transition Group" toparynyň başlygy Michel Laubsch.

Türkmenistan barada golaýda Awstriýanyň paýtagty Wenada geçen duşuşykda "Nabukko" ýaly ykdysady proýektleriň hem-de "Eurasian Transition Group" ýaly Halkara Adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň wekilleri hem gatnaşdylar.

Bu duşuşygy gurnan "Eurasian Transition Group" toparynyň başlygy Michel Laubsch bilen Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Shir Mohammadi interwýu geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Jenap Laubsch, Wenada geçen duşuşygyň netijeleri barada gürrüň beräýseňiz?

Michael Laubsch: Netijeler täze we geň galdyrjy däl. Biz "Nabukko" proýektiniň nähili amala aşyryljakdygyna we Ýewropa Bileleşiginiň energiýa bähbitlerine garamazdan, Türkmenistana oňyn basyşlar edilermi?” diýen sowaly orta atdyk.

Biz "Nabukko" proýektiniň durmuşa gecirilmeginiň real şertleri barada hem maslahatlaşdyk. "Nabukko" proýektiniň wekili Dolezalyň aýtmagyna göra, bu proýekt diňe ykdysady bähbitleri göz öňünde tutýar. Ýagny, Türkmenistanyň we Eýranyň gazyny Ýewropa akdyrmagy maksat edinýär. Ol iki ýurduň hem bu proýekte goşulmagy isleýändiklerini aýtmak mümkin. Wenadaky duşuşykda Türkmenistandaky syýasat we korrupsiýa barada hem gürrüň edildi.

Azatlyk Radiosy: Bu duşuşykda çykyş edenleriň pikiriçe, "Nabukko" proýektiniň durmuşa geçirilmegi üçin haýsy-da bolsa bir päsgelçilik barmy?

Michael Laubsch: Bu päsgelçilikler syýasy-ykdysady, adam hukuklary we tehniki taýdan diýse bolar. Bir tarapdan proýekte ykdysady problemalar päsgel berýär. Sebäbi türkmen gazynyň möçberi barada ygtybarly maglumat ýok we "Nabukko" proýektinde türkmen gazynyň paýynyň näçe prosent boljakdygy belli däl. Şeýle-de "Nabukko" proýektine syýasy mesele päsgelçilik döredýär. Meselem, Eýrandaky syýasy durnuksyzlyk hem päsgelçikleriň biri. Şu ýerde ýene bir zady bellemegimiz zerur. Wenada duşuşyk geçýän wagty Türkiýäniň parlamenti "Nabukko" proýektini tassyklady. Şol bir wagtyň özünde hem Amerikanyň Senaty Türkiýäniň ermenilere garşy genosidi diýilýän mesele boýunça rezolýusiýany tasssyklady.

Şonuň ýaly-da "Nabukko" proýektiniň wekili Dolezhal Türkmenistandaky we Eýrandaky adam hukuklary meseleleri boýunca diňe ykdysady gatnaşyklar arkaly ösüşler gazanmak mümkin diýdi. Ýöne muňa şübhe bildirildi. Muňa Afrikadaky energiýa baý ýurt Nigeriýadaky ýagdaýlaryň şaýatlyk edýändigini aýdanlar hem boldy. Nigeriýa bilen Günbataryň gatnaşyklary ösdi. Emma syýasy we adam hukuklary boýunça ýagdaýlar özgermedi.

Azatlyk Radiosy: Nabukko proýektini goldaýan Amerikanyň we Ýewropanyň opponentleri Orsýetdir Hytaý barada nämeler aýdyldy?

Michael Laubsch: Duşuşyga Orsýetiň hem wekili gatnaşdy. Ol öz çykyşynda Orsýet ynamly partnýor, emma "Nabukkonyň" belli bir plany ýok we ol barada boş gürrüňler edilýär diýdi. "Nabukko" proýektiniň wekili bolsa, "Biz Orsýete garşy däl. Biz Orsýetiň Ýewropa akdyrýan gazyndan daşgary gazyny Ýewropa akdyrylmagyny isleýäris" diýdi. Hytaý barada hem gürrüň edildi. Hytaý energiýa mätäç ýurt. Olar Türkmenistana gysga wagtda maýa goýmagy başardylar. Hytaýlylar üçin ykdysady bähbitler möhüm we Pekin diňe arzan gazy satyn almak isleýär.

Duşuşykda Hazar deňziniň statusy barada hem gürrüň edildi. Bu problema uzak möhletde hökmän çözülmeli. Eýranyň hem Ýewropa gaz satmak isleýändigi barada-da aýdyldy.

Azatlyk Radiosy: Siz Eýranyň we Türkmenistanyň resmilerini Wenadaky duşuşyga çagyrdyňyzmy?

Michael Laubsch: Dusuşyga Eýrandan ýa-da Türkmenistandan resmiler gatnaşmadylar.

Azatlyk Radiosy: Duşuşykda çykyş edenler bu proýektde Türkmenistanyň oýnaýan roly barada nämeleri aýtdylar?

Michael Laubsch: Türkmenistan "Nabukko" proýektinde uly rol oýnaýar. Türkmenistan we Eýran sebitde köp gaz baýlyklaryna eýe ýurtlar. Eger amatly şertler dörese, Günbatar kompaniýalary bu ýurtlara maýa ýatyrmaga höwesek. Ýöne munuň üçin Türkmenistanda we Eýranda demokratiki özgerişleriň, hakyky reformalaryň durmuşa geçirilmegi zerur. Açyk jemgyýetiň we syýasy partiýalaryň döremegine indi ýol açylmaly.

Azatlyk Radiosy: Golaýda türkmen prezidenti köppartiýalylygyň döremegine rugsat berilýändigini yglan etdi. Bu Türkmenistandaky ýagdaýlara oňyn täsir edermi?

Michael Laubsch: Şol çykyşa gowy baha bermeli we gowy garşylamaly. Ýöne, eger Günbatarda hereket edýän oppozisiýa wekilleriniň Türkmenistanyň içinde erkin işlemegine rugsat berilse, onda prezidentiň aýdanlaryna dogrudanam ynansa bolardy. Emma onuň çykyşy ýokardan görkezme bermeklige meňzeýär. Biz şeyle ýagdaýlary Täjgistanda we Özbegistanda hem gördük.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG