Sepleriň elýeterliligi

15-nji martda BMG-niň Dünýä saglyk guramasynyň we UNICEF-iň bilelikde taýýarlan “Arassaçylyk we agyz suwy taýdan ösüş – 2010” hasabaty ýaýradyldy.

“Arassaçylyk we agyz suwy taýdan ösüş – 2010” hasabatynda dünýäniň 209 ýurdundaky ýagdaýa baha berilýär. Şu günki gün dünýä ilatynyň 87 %, ýagny çak bilen 5,9 milliard adamynyň howpsuz agyz suw çeşmelerini ulanýanlygy aýdylýar.

Hasabatda soňky ýyllarda dünýäde arassaçylyk-sanitariýa taýdan, şol sanda amatsyz hajathana şertlerini düzetmekde belli bir ösüşiň bardygy bellenilýär. Muňa garamazdan, arassaçylyk we agyz suwunyň elýeterligini üpjün etmekde ösüş üçin ýene has köp tagallalaryň talap edilýänligi we dünýä ýurtlarynyň has uly maksatlary öz öňünde goýmalydygy bellenilýär.

Şu günki gün dünýäde 2,6 milliard adama, ýagny dünýäniň ilatynyň 39 prosentine kadaly sanitariýa şertlerinden peýdalanmak elýeterli däl.

Dünýä saglyk guramasy we UNICEF tarapyndan ýaýradylan resmi maglumatda arassaçylyk we agyz suwy babatynda dünýädäki ýagdaýa baha berýän hasabatyň ýurt ýolbaşçylary, maliýe ýardamçylary, hökümete degişli we degişli däl guramalar tarapyndan problemalary çözmekde ulanyp boljak maksatlary göz öňünde tutýanlygy bellenilýär.

Türkmenistana berilen baha


Dünýä saglyk guramasyndan Rifat Hossainiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, hasabata laýykda Türkmenistana arassaçylyk-sanitaraiýa taýdan 98 % we agyz suwy bilen üpjünçilik taýdan 97 % ybarat ýokary baha berilýär. Emma bu görkezijileriň esasan ýurduň şäher ýerlerine degişli bolup, oba ýerleri barada maglumatlaryň çäklidigini Dünýa saglyk guramasynyň wekili belledi.

Rifat Hossainiň sözlerine görä, Türkmenistana baha berlende 1990, 2000 we 2008-nji ýyllar boýunça maglumatlara esaslanyldy.

Türkmenistanda suw üpjünçiligi şol sanda agyz suwy üpjünçiligi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň arasynda yglan edilýär.

Türkmen metbugatyna görä, paýtagtda we ýurduň welaýatlarynda suwy arassalaýjy gurallar işleýär. Döwlet ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek meselesine uly ähmiýet berýär. Suw üpjünçilik sistemalary döwre laýyk täzelenýär. Agyz suwuny çykarýan zawodlar işleýär. Agyz suwunyň hilini gowulandyrmak üçin her bir şäherde hem obada suwy arassalaýjy gurallaryň guruljakdygy hem habar berilýär.

Türkmenistanly žurnalist Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, şu günki gün Türkmenistanda köneden galan kärizleriň, dagdan inýän çeşmeleriň suwuny ulanmak boýunça käbir işler geçirilýär. Hususan-da, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir yolunyň ugrundaky Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda suw sistemalarynyň täzelenýänligini we ilatyň agyz suwuny dagdan inýän çeşmeleriň hasabyna üpjün etmek çäresiniň göz öňünde tutulýanlygyny A.Bugaýew aýtdy.

“Suw damjasy - altyn dänesi”

Türkmenistanly žurnalistiň sözlerine görä, Aşgabadyň agyz suwy bilen üpjünçiligi-de ozalky ýyllar bilen deňeşdirilende belli bir derejede gowulandy. Emma şu günki günem paýtagtyň ýaşaýjylarynyň agyz suwy bilen özlerini üpjün etmek aladalary dowam edýär: “Özüni oňarýan adamlar gidip, öz hususy eýeçiligindäki maşynlary bilen ýa suw çekýän maşynlar bilen gapysyna suw getirip goýýarlar”.

A.Bugaýew paýtagtyň ýaşaýyş jaýlarynyň suw üpjünçiligindäki kemçilikleriň sebäbini suwuň köp sanly fontanlara sarp edilmeginde görýär.

Türkmenistanda suw üpjünçiligine we ekologiýanyň gowulandyrylmagyna degişli maksatlar bilen baglylykda Türkmen kölüniň ähmiýeti-de resmi taýdan nygtalýar.

Garagumda döredilen emeli kolüň ýer asty suwlaryň ýygnalmagyna gönükdirilip, onuň Amyderýadan ýa beýleki suw çeşmelerinden suw almagynyň göz öňünde tutulmaýanlygy, bu ýerde ýygnalýan zeý suwlarynyň arassalanyp, gaýtadan ulanylmak üçin elýeterli boljakdygy Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň maglumatlarynda aýdylýar.

Türkmenistanda 1995-nji ýyldan bäri aprel aýynyň her ilkinji bazar güni “Suw damjasy – altyn dänesi” atly milli baýramçylyk bellenilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG