Sepleriň elýeterliligi

Amerikan raýatyna Bombeý hüjümine dahyllylykda günä bildirildi


Düýn Birleşen Ştatlaryň Çikago şäheriniň sudy bu ýurduň raýaty Dewid Kolmen Hedleýe 2008-nji ýylyň noýabrynda Bombeýde amala aşyrylan terror hüjümine dahyllylykda günä bildirdi.

Ejesi amerikaly we kakasy päkistanly bolan 49 ýaşly Dewid Kolmen Hedleý 2008-nji ýylda Bombeýdäki terror hüjümi amala aşyrylmazyndan öň bu hüjümiň taýýarlyk işlerine ýardam berenlikde we, mundan daşary, daniýaly karikaturaçy suratça garşy hüjümi hem planşdyranlykda aýyplanylýar.

2008-nji ýylyň noýabrynda Bombeýde amala aşyrylan şol ýaragly hüjümde 166 adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG