Sepleriň elýeterliligi

Ukrainanyň täze bellenen içeri işler ministrine protest bildirildi


Düýn Ukrainanyň Krym regionynda ýaşaýan tatarlaryň Mejlisi ýurduň täze bellenen içeri işler ministri Anatoliý Mogilýowy milli duşmançylygy öjükdirmekde aýyplap, muňa protest bildirdi.

Krym ýarym adasynda ýaşaýan tatarlaryň resmi bolmadyk regional Mejlisi Ukrainanyň içeri işler ministri Mogilýowa garşy jenaýat işiniň gozgalmagyny sorap Ukrainanyň Baş prokuraturasyna ýüz tutmakçydygyny mälim etdi.

Ukrainanyň içeri işler ministri Anatoliý Mogilýow ýakynda eden çykyşlarynyň birinde Krymda ýaşaýan tatarlaryň Ikinji Jahan urşy ýyllarynda nasistik Germaniýa bilen hyzmatdaşlyk edendiklerini öňe sürdi.

Krym tatarlarynyň Mejlisiniň başlygy Mustafa Jemilow Mogilýowyň milletçilikli çykyşlary we makalalary boýunça Ukrainanyň sudunyň
adalatly höküm çykarmadyk halatynda, özleriniň Ýewropa suduna ýüz tutmakçydyklaryny aýtdy.
XS
SM
MD
LG