Sepleriň elýeterliligi

Bişkekdäki ýörişiň geçirilmegi gadagan edildi


Düýn Bişkek şäheriniň raýon sudy Gyrgyzstanyň paýtagtynda şu gün oppozision toparlar tarapyndan gurnalmagy planlaşdyrylýan ýörişiň geçirilmegini gadagan edip, karar çykardy.

Ýöne muňa garamazdan, ýurduň oppozision Sosial Demokratik partiýasynyň wekili Dariýa Raimkulowa barybir oppozision toparlaryň öz planlaşdyrýan ýörişlerini şu gün geçirmekçidigini aýtdy.

Hususan-da, ol oppozisiýanyň aktiwistleriniň Bişkekdäki «Mediýa Forumy» binasynyň ýanynda ýygnanyp, şäheriň merkezindäki «Spartak» stadionyna çenli ýöriş gurnajakdyklaryny we şol ýerde-de oppozisiýanyň umumy gurultaýyny geçirjekdiklerini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG