Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Sergeý Lawrowy kabul etdi


Düýn Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada sapara baran Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.

Bu duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky baglaşylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine oňyn baha berdiler.

Düýn Sergeý Lawrow Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşid Meredow bilen hem duşuşdy. Geçirilen bu gepleşikleriň netijesinde 2010-njy ýylda Türkmenistanyň we Orsýetiň Daşary işler ministrlikleriniň özara hyzmatdaşlyklary baradaky ýörite Programma gol çekildi.
XS
SM
MD
LG