Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenistanda adam hukuklary o diýen özgermedi”


ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň demokratiýa, adam hukuklary we zähmet boýunça kömekçisi Mike Posner
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň demokratiýa, adam hukuklary we zähmet boýunça kömekçisi Mike Posner

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 2009-njy ýyl boýunça adam hukuklary babatdaky ýyllyk hasabatyny ýaýratdy. 11-nji martda ýaýradylan şol hasabatda bellenilmegine görä, käbir ösüşleriň bolandygyna garamazdan, Türkmenistanda söz, metbugat we pikir azatlygynyň çäklendirilmegi dowam etdirilýär.

Bu hasabat Türkmenistan bilen bir hatarda dünýäniň 194 ýurduny öz içine alýar. Eýse, bu raportyň maksady näme? Ol adam hukuklary boýunça ýagdaýyň gowulanmagyna täsir ýetirýärmi?

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu aktual mesele bilen gyzyklanyp, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň demokratiýa, adam hukuklary we zähmet boýunça kömekçisi Mike Posner bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: 2009-njy ýyl boýunça ýaýradan hasabatyňyzda ýüze çykan esasy temalar nämelerden ybarat?

Mike Posner: Biz ençeme esasy temalara üns berdik. Olardan biri hem durnuksyzlyk höküm sürýän 30 töweregi ýurtdaky ýagdaýlara ünsi çekmekdir. Şol dartgynlylyklardan ejir çekýän esasy topar bolsa çagalar, zenanlar we bosgunlardyr. Şol konfiliktleriň esasy sebäpleri dini, etniki we şoňa meňzeş beýleki ylalaşmazlyklardan ybaratdyr.

Ikinji mesele bolsa, bilişiňiz ýaly, häzirki döwürde aragatnaşyk gurallarynyň täze görnüşlerinden peýdalanmak boýunça dürli aktiwlikler göze ilýär. Aýtjak bolýan zadym, graždan aktiwistleri we döwlete degişli bolmadyk guramalaryň agzalary internet we mobil telefonlaryndan has köp peýdalanyp başladylar. Käbir hökümetler şeýle hereketlenmeleri basyp ýatyrmaga synanşýar. Olar adam hukuklary boýunça we graždan aktiwistleriniň şeýle serişdelere elýeterliligini çäklendirmäge synanyşýarlar.

Üçünji mesele bolsa, Orsýet we Şri Lanka ýaly ýurtlarda howpsuzlyk güýçlerinden we bu ugurdaky kanunlardan žurnalistleriň we hukuk goraýjy aktiwistleriň işine ýol bermezlik üçin peýdalanylmagydyr.

Azatlyk Radiosy: Bu hasabatyň ýaýradylmagynyň yz ýany bilen ony Hytaý ret edip, Waşingtonyň bu dokumentden syýasy gural hökmünde peýdalanýanlygyny, şonda Amerikadan başga ähli ýurtlardaky ýagdaýlaryň tankyt edilýänligini aýdýar. Şeýlelikde Amerikadaky ýagdaýlary tankyt edip, Hytaý öz ýyllyk raportyny ýayradýar. Siz bu tankydy garaýyşa nähili jogap bermekçi?


Mike Posner: Biz häzirki döwürde ABŞ-daky ýagdaýlar barada ählumumy döwürleýin syn taýýarlamak boýunça tagalla edýäris, bu hasabat BMG-ä hödürlener. Raportyň sentýabr aýynda çap edilmegine garaşylýar.

Biz bu mesele barada çynlakay alada edýäris. Bu barada hukuk hem graždan aktiwistleriniň gatnaşmagynda tutuş ýurtda ýygnaklar geçirilýär. Biz şeýle tagallalarymyzy geljekde hem dowam etdireris.

Hytaýyň tankydy garaýyşlary barada aýdylanda, biziň pikirimize görä, beýleki ýurtlar barada Amerikanyň öz alyp barýan syýasatyny kesgitlemegi nukdaýnazaryndan bu raport Waşington üçin gowy esas bolu hyzmat edýär. Şonuň üçin biz alyp barýan işimiz dogry diýip, pikir edýäris. Biz öz alyp barýan işimiz barada beýleki ýurtlaryň, şol sanda Hytaýyň öz garaýyşlaryny beýan etmeginiň tarapdary.

Azatlyk Radiosy: Bu hasabatyň maksady näme? Raportda ady agzalýan ýurtlar, umuman, şol dokumentde öňe sürlen pikirleri äsgermeýärler, hatda ABŞ-nyň käbir hökümet edaralary hem siziň hasabatyňyzda öňe sürlen pikirlere o diýen üns bermeýän ýaly, sebäbi hasabatda tankyt edilýän ýurtlar bilen siziň käbir hökümet edaralaryňyz aragatnaşygyny artdyrmaga synanyşýarlar. Bu ýagdaýa siz nähili garaýarsyňyz?

Mike Posner: Bu raportyň ençeme maksady bar, emma bu document ýurduň syýasy ugruny kesgitleýji serişde däl. Biziň maksadymyz Adam hukuklary boýunça bütindünýä jarnamasynda beýän edilen maddalary göz öňünde tutup, dürli ýurtlar, şol sanda ABŞ-daky ýagdaýlar bilen hem bagly maglumatlary ýygnamak we ony ýaýratmakdan ybaratdyr.

Göz öňünde tutulýan maksat, ýurduň syýasy ugurlaryny kesgitleýän edaralary bu mesele hakda dogruçyl maglumatlar bilen üpjün etmekdir. Has anygrak aýtsam, hökümetler arasynda geçirilýän gepleşiklerde adam hukuklary mydama esasy tema bolman biler, emma bu ugur hemişe umumy dialogyň bir bölegini emele getirýär. Bu dokument hökümet wekillerini adam hukuklary boýunça beýleki ýurtlardaky hakyky ýagdaý bilen tanyşdyrýar.

Bu hasabatdan aýratynam ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri, hökümetiň beýleki edaralarynyň resmileri, hatda beýleki ýurtlaryň hökümet wekilleri hem peýdalanýarlar. Şeýle maglumatlara aşa talap bar. Biz BMG-e, şeýle-de hökümete degişli bolmadyk halkara guramalary bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýarys. Bu hasabat çap edileli bäri biziň websahypamyza girenleriň sany aşa köpeldi. Biz şol hasabaty dürli dillere terjime edýäris. Bu dokumentiň peýdaly taraplary gaty köp.

Azatlyk Radiosy: Siz Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlar bilen gowy aragatnaşyk gurmaga synanyşyp, regionda Hytaý bilen Orsýetiň täsirini deňagramlylaşdyrmak barada tagalla edýärsiňiz. Şeýle etmek bilen siz öz hasabatyňyzda awtoritar diýlip häsiýetlendirilen ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen hem işleşmäge mejbur. Onsoň Merkezi Aziýa boýunça alyp barýan syýasatyňyzda adam hukuklary boýunça gymmatlyklaryňyz bilen syýasy bähbitleriňizi deňagramly derejede alyp barmagy nähili başarýarsyňyz?

Mike Posner: Daşary syýasat barada gürrüň edilende, umuman aýdylanda, oňa howpsuzlyk, söwda, ykdysadyýet we diplomatik aragatnaşyklar bilen bir hatarda adam hukuklary hem girýär. Adam hukuklary ABŞ-nyň daşary syýasatynyň esasy özeňlerinden biridir. Beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen geçirilýän duşuşyklarda bu pudaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Özbegistanyň we Gazagystanyň hökümet wekilleri bilen soňky ençeme aýyň dowamynda geçirilen gepleşiklere menem gatnaşdym. Biz şeýle duşuşyklary munden beýlägem dowam etdireris. Sebäbi biziň pikirimizçe, haýsydyr bir ýurtda durnukly demokratiýanyň ornaşdyrylmagy üçin adam hukuklaryna hormat goýulmagy zerur, bu şol ýurtlaryň öz bähbidine laýyk gelýär. Bu ABŞ-nyň hem bähbidine gabat gelýär. Şonuň üçin bu biziň alyp barýan işimiňiziň esasy bölegidir.

Azatlyk Radiosy: Siz Özbegistandaky ýagdaýlar barada gürrüň etdiňiz. Şu pursatdan peýdalanyp, men Özbegistanly kärdeşimiň Waşingtonyň bu yurt boýunça alyp barýan syýasaty baradaky garaýşyny hem onuň size bermekçi soragyna siziň ünsüňizi çekesim gelýär. Onuň aýdyşyna görä, “ABŞ Özbegistandaky ýagdaýlary tankyt edip, raportlary çap edýär, emma hökümete basyş etmek üçin aýgytly ädim ätmeýär. Hatda köp halatlarda Özbek hökümeti bilen aragatnaşygyny saklamak üçin Waşington Özbegistanda bolup geçýän wakalara üns bermeýär. Siz bu syýasatyňyzy haçan uýtgetmekçi?

Mike Posner: Men bu garaýyş bilen ylalaşamok. Ilki bilen biz Özbegistandaky ýagdaýlara göz ýumýar diýip, pikir edýän bolsaňyz, çap edilen raportyň bu ýurt baradaky bölegini okap görüň. Şol hasabatda Özbegistanda adam hukuklarynyň basgylanýanlygy bilen bagly gaty çynlakay alada bildirilýär. Hatda meniň özüm ýurtda çaga zähmeti baradaky meseläni gozgadym. Sebäbi ol ýurtda çagalar mekdeplerden äkidilip, pagta ýygdyrylýar.

Dokumentde Özbegistanda hukuk goraýjy aktiwistleriň alyp barýan işleriniň basylyp ýatyrylmaga synanyşylmagy, dini we metbugat azatlygynyň çäklendirilmegi ýaly meseleler-de gozgalýar.

Özbegistanda ençeme uly problema dowam edýär, biz bu meseleler barada halk köpçüliginiň öňünde çykyş etmegi we bu barada ösüşiň bolmagy üçin basyşlarymyzy dowam etdireris.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda täze hökümet häkimiýet başyna geçdi, emma siziň şu ýyl çap eden hasabatyňyz bilen mundan öňki ýyllaryň dowamynda çap edilen dokumentiňiziň Türkmenistan baradaky böleginde o diýen tapawut ýok. Munuň sebäbi näme?


Mike Posner: Raportyň özi bu soraga jogap berýär. Türkmenistanda o diýen uly özgeriş göze ilmeýär. Hatda meni alada goýan başga bir zada-da duş geldim. Türkmenistan ynsan ölçegleri barada geçen ýyl Warşawada geçirilen ýygnaga gatnaşmadyk ýeke-täk yurt boldy. Biziň bu yurt bilen bagly aladalarymyz dowam edýär, diýmek, Türkmenistandaky ýagdaýlar ünsden düşürilmez.

Azatlyk Radiosy: Döwlet departamentiniň wekilleri Türkmen resmileri bilen ençeme ugurlar boýunça gepleşikler geçirýärler we käbir ugurlar, şol sanda adam hukuklaryny gowulandyrmak barada Aşgabat bilen hyzmatdaşlyk hem edilýär. Bu tagallalaryňyzdan göze ilerlik netije barmy?

Mike Posner: Meniň pikirimçe, Türkmenistan we käbir beýleki ýurtlar bilen aragatnaşygymyz, prezident Barak Obamanyň hem Döwlet sekretary Hillary Klintonyň aýdyşy ýaly, “prinsipýal esaslar boýunça aragatnaşykdan” ybaratdyr.

Biz şol ýurtlar bilen işleşmegi dowam etdireris, peýdamyz ýetäýjek ugurlar ýüze çyksa, şol hökümetlere kömek etmäge synanyşarys. Şol bir wagtyň özünde-de şeýle ýurtlarda çözgüdi tapylmadyk problemalar, şol sanda adam hukuklarynyň depgilenmegi ýaly meseleler ýüze çyksa, biz bu barada şol ýurtlaryň hökümet wekilleri bilen geçirilýän özara gepleşiklerde we halk köpçüligine öz aladamyzy ýetirmegi dowam etdireris.

Azatlyk Radiosy: Siz bu maglumatlary nireden aldyňyz? Meselem, Türkmenistan, Özbegistan, hatda Eýran ýaly ýurtlardan şeýle maglumatlary ýygnamak o diýen aňsat bolmasa gerek?

Mike Posner: Hasabatda ady agzalan ýurtlaryň köpüsinde biziň wekilhanalarymyz bar. Şol ilçihanalarda bu raporty taýýarlamak boýunça ýörite iş alyp barýan ofiserlerimiz bar. Bu hasabatyň taýýarlanmagyna 1000-den köpräk adam goşant goşdy.

Şeýle dokumentler taýýarlanylanda, biz beýleki toparlar, şol sanda hökümete degişli bolmadyk halkara guramalar hem-de BMG-e tarapyndan çap edilen raportlara hem syn edýäris. Şol bir wagtyň özünde dürli ýurtlarda hereket edýän hukuk goraýjy aktiwistler bilen hem aragatnaşyk gurmaga synanyşýarys. Emma Eýran ýaly ýurtlar barada gürrüň edilende, ýagdaý kyn.

Muňa garamazdan, ýurduň içinde we daşynda Eýrandaky hakyky ýagdaýlary aýan edýän ençeme maglumat çeşmeleri bar.
XS
SM
MD
LG