Sepleriň elýeterliligi

Gurbannazar EZIZOW

B. Kerbabaýewe

Ol juda arkaýyn,
Äwmän barýardy,
Märekäň içinden, ýatladyp toýy.
Şemal baga çykyp, saçyn darýardy,
Çünki oň boýundan gysgady boýy.

Dagyň bir bölegi,
Bölegem däl-de,
Dagyň özi ýaly parasatlydy.
Deňindan geçenler biraz saklanyp,
Oňa baka-baka, köňül şatlady.

Göge alma atsaň, ýere gaçmajak
Märekäň içinden äwmän barýardy.
Agras,
Ynamlydy ädim uruşy,
Kä başyny atyp,
Kä ýylgyrýardy.

Daýaw egni bilen ýol arçaýardy.
Çal başyna degip, beýgelýär asman.
Paýhasyň özi dek äwmän barýardy,
Hemem, nämüçindir, elmydam juwan.

Näçe mäterigi, ýurtlary sökdi,
Tanyş oňa goja dünýäň dört çeti.
Ýöne göbek gany siňen ülkäni,
Ine, şeýdip,
Ädim bilen ölçedi.

Howlukmady,
Äwmän paýhasly ýördi,
Ýol-ýodalaň batgasyndan, gumundan.
Geçäýmäýin diýýän ýaly howlugyp,
Göwün açman bir gamgynyň deňinden.

Ine, durdy,
Şlýapasyn çykardy.
Eli bilen gözün günden gorady.
Bir ýigdekçe geçip barýan zenandan:
- Aýtsaňyzlaň, kim ol? – diýip sorady.

Zenan guwanç bilen goja seretdi.
Tanýandygyny bagt saýyp şo bada.
Ähli dilde,
Ähli ýurtda düşnükli,
Örän gysga hemem örän düşnükli
Jogap berdi:
- Kerbaba...

G. Ezizowyň 1995-nji ýylda çap edilen “Saýlanan eserleriniň” 1-nji tomundan göçürilip alyndy.
XS
SM
MD
LG