Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: Oppozisiýa tarapdarlary ýygnanyşdy


Şu gün oppozisiýanyň tarapdarlaryndan müňlerçe adam Bişkek we Naryna şäherlerinde ýygnanyp, hökümetden syýasy tussaglaryň boşadylmagyny, media görkezilýän gysyşlaryň togtadylmagyny, şeýle hem harytlaryň bahalarynyň aşakladylmagyny talap etdiler.

Bişkekdäki oppozision protest
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:46 0:00

Hökümete garşy kiçeňräk demonstrasiýalar Alaý, Talas we Jelalabat welaýatynyň Aksy obasynda-da geçdi.

Oppozision çeşmeler Halk Gurultaýy diýlip atlandyrylan bu proteste Bişkekde bäş müňden köpräk adamyň gatnaşandygyny aýdýarlar. Naryna ýygnanlar hem üç müň töweregi. Bişkekdäki resmiler bolsa protestçileriň sanyny iki müň töweregi diýip berýärler.

Roza Atunbaýew we “Ata Mekan” partiýasynyň başlygy Omurbek Tekebaýew ýaly tanymal oppozision şahsyýetler protestçileriň öňünde eden çykyşlarynda: "Hökümet bu goýlan talaplary ýerine ýetirmedik ýagdaýynda, häkimiýeti halk öz eline almaly" diýýärler.

Halk Gurultaýy tarapyndan goýlan talaplar syýasy tussaglaryň boşadylmagy, Baş kanuna girizmek islenilýän häzirki reformalaryň togtadylmagy, prezident Kurmanbek Bakyýewiň olgy Maksimiň wezipesinden aýrylmagy, söz azatlygy we prezident Bakyýewiň garyndaşlarynyň hökümet orunlaryndan boşadylmagy ýaly talaplary öz içine alýar.

Rezolýusiýany öňki kanun çykaryjy ”Ata Mekan” partiýasynyň agzasy Duişen Çotonow okady: "Bäşinji, Bakyýewiň ogullary Maksim bilen Marat, şeýle hem onuň doganlary Janyş, Adyl we Marat resmi wezipelerden boşadylmaly. Onuň maşgala agzalarynyň döwlet we ýerli dolandyryş işlerine gatyşmagy bes edilmeli".

Gurultaý oppozisiýanyň talaplarynyň ýerine ýetirilişini barlamak üçin ýörite organ döretdi. Bu täze gurlan organyň ýolbaşçylygyna hem Atunbaýew bellenildi.

"Gurultaý halkyň ýurtdaky ýagdaýyny görkezýär. Adamlar Bakyýewiň alyp barýan syýsatyndan gaty närazy" diýip, Tekebaýew märekäniň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

2005-nji ýylda häkimiýet başyna gelen Bakyýew ýurda giňden ornan parahorlyk we garyndaşparazlyk sebäpli köp wagtdan bäri ýiti tankyt edilýär.

Oppozision ýolbaşçylar hökümeti syýasy garşydaşlaryny yzarlaýanlykda aýyplaýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, häzir ýurtda 100 töweregi syýasy tussag bar.
XS
SM
MD
LG