Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýetiň prezidenti Ukraina sapar eder


Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedewiň 17-18-nji maý aralygynda Ukrainada saparda boljakdygy habar berilýär. Bu habary Ukrainaniň prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň edarasynyň metbugat gullugy şu gün ýaýratdy.

Maglumata görä, bu saparyň geçiriljek güni iki prezidentiň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde kesgitlenipdir.

Bu Ýanukowçiň Ukrainaniň prezidenti wezipesine saýlanmagyndan soň rus ýolbaşçysy tarapyndan bu ýurda amala aşyryljak ilkinji sapar bolar.
XS
SM
MD
LG