Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda hökümete garşy protest gurnalýar


Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde oppozision partiýalaryň tarapdarlary ýurtda adam hukuklarynyň aýak asty edilýänligini we ykdysady ýagdaýlaryň agyrlaşýanlygyny aýdyp, 17-nji martda demonstrasiýa gurnadylar.

Paýtagt Bişkekde geçirilýän oppozisiýanyň gurultaýyna gatnaşan adamlar hökümetiň öz garşydaşlaryny we garaşsyz mediany basyp ýatyrmaga synanyşýanlygyny aýdyp, harytlaryň nyrhynyň hem barha artyp barýanlygyndan şikaýat etdiler.

Gyrgyzystanyň oppozision “Ata Mekan” partiýasynyň lideri Omurbek Tekebaýew şol uýşmeleňde eden çykyşynda “eger hökümet talaplara gulak asmasa, halk güýji öz eline almalydyr” diýdi.

Bu gurultaýa 3000 töweregi adamyň gatnaşanlygy aýdylýar.

Gyrgyzystanyň gündogarynda ýerleşýän Naryn şäherinde-de şeýle demonstrasiýanyň geçirilenligi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG