Sepleriň elýeterliligi

Ärdogan ermenileri ýurtdan çykarjakdygyny aýdyp haýbat atdy


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan Osmanly imperiýasy döwründe öldürilenligi aýdylýan ermeniler bilen bagly mesele boýunça dartgynlylyk dowam edýän häzirki pursatda, Türkiýede ýaşaýan müňlerçe ermeniniň ýurtdan çykaryljakdygyny aýdyp haýbat atdy.

Ärdogan BBC-niň türk dilinde gepleşikleri efire berýän radiosyna 16-njy martda beren interwýusynda, Türkiýede 100 müň töweregi ermeniniň bikanun esaslarda ýaşaýanlygyny aýdyp, bu ýagdaýya mundan beýläk göz ýumulmazlygy mümkin diýdi.

Ärdogan Şwesiýanyň parlamenti hem-de ABŞ-nyň Wekiller öýüniň Daşarky aragatnaşyklar komiteti tarapyndan 1915-nji ýyllarda bolanlygy aýdylýan şol wakalaryň “genosid” diýilip ykrar edilmeginiň Ermenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky barlyşyk boýunça alnyp barylýan tagallalara hasam ýaramaz täsirini ýetirjekdigini duýdurdy.

Ermeniler I Jahan urşunda Türkiýede azyndan 1,5 million töweregi ermeniniň öldürilenligini aýdýarlar. Türkiýe bolsa ermeniler tarapyndan “genosid” diýlip atlandyrylýan bu pikiri ret edýär.

Ankara şol wakada ölen ermenileriň sanynyň aýdylyşyndan gaty az bolanlygyny aýdyp, bu heläkçiligiň çaknaşygyň netijesinde ýüze çykandygyny we şonda diňe ermenilere däl, beýleki etniki toparlara-da zyýan ýetenligini aýdýar.
XS
SM
MD
LG