Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow 18-nji martda Täjigistana barýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlik resmi sapar bilen 18-nji martda Täjigistanyň paýtagty Duşenbä barýar.

Bu saparynyň dowamynda Berdimuhamedowyň Täjigistanyň hökümet ýolbaşçylary, şol sanda prezident Imomali Rahman we Täjigistanyň parlamentiniň ýolbaşçysy bilen hem duşuşjakdygy aýdylýar.

Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň Informasiýa departamentiniň başlygy Döwlet Nazriýew bu barada Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren interwýusynda, bu saparyň iki ýurduň aragatnaşygyny hasam artdyrjakdygyny aýtdy.

“Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky bu delegasiýanyň Täjigistana gelmegi, hemme zatdan ozal, iki ýurduň arasyndaky gatnaşygy artdyrmaga we ony hasam berkitmäge hyzmat eder”, täjik resmisi aýtdy.

Ol aýratynam bu saparyň dowamynda iki ýurduň hökümet wekilleriniň arasynda azyndan 6 dokumente gol goýuljakdygyny Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
XS
SM
MD
LG