Sepleriň elýeterliligi

Internetde her ýurduň öz ady bilen bagly gysgaldylan belgi bolýar. Meselem, Orsýetiňki RU, Germaniýanyňky DE belgisi. Türkmenistanyň bolsa TM belgisi bar.

Aslynda Türkmenistanyňky TU belgisi bolmaly diýilýär. Emma bu belgä dünýäde Tunis we Türkiýe ýaly ýurtlar hem gabat gelýär. Olar Türkmenistandan öň bu belgä eýe boldular.

Halkara şertnamalar boýunça Türkmenistanyň internetdäki belgisi TM. Ýöne Türkmenistan öz hakyky belgisini birnäçe ýyl mundan öň satdy diýliýär. Indi bu internet belgisi kimiňki?

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Şir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Ýaşlar” programmasynda türkmen ýaşlarynyň sport telekanalyny isleýändikleri barada hem maglumat berilýär.

Bular baradaky gepleşigi diňlemek üçin sahypanyň sag tarapynda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG