Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçenistanyň ozalky prezidenti tussaghana sistemasynyň başlygy


Düýn Çeçenistanyň ozalky prezidenti Alu Alhanow Orsýetiň tussaghanalar boýunça sistemasynyň wagtlaýyn ýerine ýetiriji başlygy edilip bellenildi.

Ýurduň tussaghanalar boýunça bu sistemasynyň ozalky başlygy Ýuriý Kalinin şu hepdäniň sişenbe güni prezident Medwedewiň permany bilen wezipesinden boşadyldy.

2004-nji ýyldan bäri bu wezipede işläp gelen Ýuriý Kalinini ynsan hukuklaryny goraýjy akiwistler Orsýetiň türmelerindäki tussaglaryň hukuklarynyň bozulmalary we ýaramaz ýaşaýyş şertleri bilen baglanyşykly problemalara baş galdyrmaýanlykda yzygiderli tankytlap geldiler.

Onuň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji edilip bellenen Alu Alhanow 2007-nji ýyldan bäri Orsýetiň adalat ministriniň orunbasary bolup işläp gelipdi.
XS
SM
MD
LG