Sepleriň elýeterliligi

Belarus milisiýasy žurnalistleriň öýlerinde barlag geçirdi


Düýn Belarusyň Minsk şäheriniň milisiýa işgärleri käbir žurnalistleriň we syýasatçylaryň iş ýerlerinde hem-de öýlerinde barlag geçirdiler.

Barlaglaryň barşynda milisiýa işgärleri Belarusdaky «Narodnaýa wolýa» atly garaşsyz gazetiň we «Çarter 97» atly hökümete degişli bolmadyk gurmanyň ofislerinde kompýuterleri we diskleri konfiskasiýa etdiler.

Aýry-aýrylykda öýleri we iş ýerleri barlanan adamlaryň hatarynda Belarusyň Ýewropa hereketiniň lideri Andreý Sannikow we onuň aýaly Irina Halyp, «Narodnaýa wolýa» gazetiniň redaktorynyň orunbasary Marina Koktyş ýaly žurnalistler we aktiwistler hem bar.

Belarusyň oppozisiýa aktiwistleri bu çärleri oppozisionerlere we garaşsyz mediýa häkimiýetleriň görkezýän nobatdaky syýasy basyşy diýip häsiýetlendirýärler.
XS
SM
MD
LG