Sepleriň elýeterliligi

Ärdogan ermenileriň ýurtdan çykarylmagynyň mümkindigini aýtdy


Düýn Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Ärdogan Osman imperiýasynyň ärmenilere garşy genosid amala aşyrandygy baradaky güýçlenýän dawalar sebäpli, bu ýurtdan müňlerçe ermenileriň çykarylmagynyň mümkindigini aýtdy.

Hususan-da, ol resmi taýdan Türkiýede işlemäge rugsatlary bolmadyk 100 müň töweregi ermeni zähmet migrantlarynyň ýurtdan çykarylmaklarynyň mümkindigini mälim etdi.

Şeýle hem, Rejep Taýýyp Ärdogan özüniň bu çykyşynda ýakynda Şwesiýanyň parlamentiniň we Birleşen Ştatlaryň Kongresine degişli ýörite Komitetiň Birinji Jahan urşy ýyllarynda Türkiýede ermenileriň öldürilmegine «genosid» diýip baha bermekleriniň Ermenistan bilen Türkiýäniň täzeden barlyşmak prosesine hem ýaramaz urgy urmagynyň mümkindigini duýdurdy.
XS
SM
MD
LG