Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda nobatdaky hökümet maslahaty geçirildi


Düýn Aşgabatda geçirilen nobatdaky hökümet maslahatynda halk-hojalygynyň pudaklaryndaky işleriň barşyna syn berildi.

Maslahatda käbir ýokary derejeli döwlet we hökümet resmileri öz dolandyrýan pudaklaryndaky işleriň ýagdaýlary barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Bu maslahatyň barşynda prezident Berdimuhamedow käbir permanlara-da gol çekdi. Hususan-da, döwlet lideri Nowruz baýramynda ilatyň gowy dynç alşyny üpjün etmek maksady bilen dynç alyş gününi 2010-njy ýylyň 21-nji martyndan 23-nji martyna geçirmek barada permana gol çekdi. Şeýle hem, prezident Berdimuhamedow ýurduň Daşhowuz şäherinde Oba hojalyk institutyny açmak barada ýörite permana gol goýdy.

Mundan daşary, bu maslahatyň barşynda döwlet lideriniň permany bilen Türkmenistanyň oba hojalyk ministri Esenmyrat Orazgeldiýew wezipelik borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin wezipesinden boşadylyp, onuň ornuna bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji edilip Myratgylyç Ataýew bellenildi.
XS
SM
MD
LG