Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow bilen Rahmon Duşenbede duşuşdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň prezidenti Imomali Rahmonyň arasynda şu gün Duşenbede geçirilen duşuşykda 6 dokumente gol goýuldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy habar berýär.

Täjigistanyň prezidenti Imomali Rahmon duşuşykdan soň eden çykyşynda, gepleşikleriň oňyn geçenligini we özara bähbitli pudaklar boýunça iş alyp barmak barada ylalaşylanlygyny aýtdy.

Täjik ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, gol goýlan ylalaşyklar transport, howa gatnawlary, suw we energiýa resurslary, tebigi gaz, zähmet we immigrasiýa ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr.

Imomali Rahmon Owganystandaky parahatçylygyň ornaşdyrylmagy, terrorçulyga we neşä garşy göreş boýunça-da Täjigistan bilen Türkmenistanyň birmeňzeş syýasat alyp barýanlygyny aýtdy.

Türkmen prezidenti Berdimuhamedow geçirilen gepleşikleriň göwne jaý bolanlygyny aýdyp, Täjigistanyň prezidenti Imomali Rahmony resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Şu gün Berdimuhamedowyň Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen studentleri bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Döwlet Nazreý häzirki döwürde Täjigistanda ýokary bilim alýan türkmen studentleriniň sanynyň 600 töweregidigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG