Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton Moskwa bardy


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton Amerikanyň daşary syýasatynda möhüm hasaplanýan iki mesele, ýadro ýaraglary şertnamasy we Eýran hakda prezident Medwedew, şeýle hem Daşary işleri Minsitri Sergeý Lawrow bilen pikir alyşmak üçin şu gün Moskwa bardy.

Klinton Moskwada Orta Gündogaryň Dörtlüginiň beýleki üç agzasy Ýewropa Bileleşigi, Orsýet we Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleri bilen hem Orta Gündogaryň parahatçylyk prosesi barada pikir alşar.

Ýöne häzir üns merkezinde duran onuň ýaňy dekabrda soňlanan strategik ýaraglary çäklendirmek ugrundan START şertnamasy boýunça gepleşiklere ýol açmagy başaryp-başarmazlygy.

“START taýýar”

Žurnalistleriň aýtmagyna görä, şertnamanyň taslamasy ençeme aý bäri taýýar dur. Ýöne käbir aratapawutlar şertnamanyň gapdalyndaky 100 sahypalyk protokolda bar. Bu hakda hem taraplar arasynda Ženewada barýan gepleşiklerde öňegidişligiň bolanlygy aýdylýar.

Bu ýerde has umytly gürleýän hem Kreml. Sergeý Lawrowyň aýtmagyna görä, edilmeli indiki iş gol çekmekleri üçin şertnamanyň taslamasynyň döwlet baştutanlaryna haçan iberiljegini ylalaşmak.

Ýöne Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretarynyň Ýewropa baradaky öňki kömekçisi James Dobbins: “Bu indi ähli zat tamamlandy diýildigi däl - diýýär. - Bu ylalaşyk ozal hem uzak däldi. Ýöne ahyrky salymda tapawutlary aradan aýryp bolmady. Men orslaryň bu aýdýanyna ‘çözülmeli ýene birnäçe mesele bar’ diýip düşünýärin. Olar Amerikanlaryň ýene biraz ilerlemegini isleýärler. Ýöne aratapawutlar köp däl. Ylalaşyga gelmäge umyt bar”.

Stewen Pifer Birleşen Ştatlaryň Ukrainadaky öňki ilçisi. Ol START şertnamasynyň döremeginiň alty ýyla çekenligini, häzirki işleriň başlananyna bolsa ýaňy dokuz aý bolanlygyny belleýar: “Meniň pikirimçe, Kremliň şertnama gol çekmegiň gürrüňini etmegi gowy habar. Özümde galan täsiri aýtsam, hanym Klinton START gepleşiklerininiň nirelere barandygy barada hökman gürleşer. Ýöne men ol krizisli meseleleri çözmeli bolar hem öýdemok. Bu zatlar arka atylandyr”.

Eýran meselesi

Klinonyň Moskwa saparynda üns berjek ýene bir meselesi Eýran bolup durýar. Ýöne bu barada esasy işler ozal edilip, Orsýet Eýranyň ýadro ýaragly bolmagyny özüniň islemeýänligini bildirdi.

Orslar ozal Eýranyň garşysyna berk sanksiýalara garşy bolsalar-da, Birleşen Ştatlaryň tutumyna indi ynanýana meňzeýärler. Ýöne olar Amerikanlar näme diýse, şony etjekdiklerini entegem açyk aýdanoklar.

Pifer orslaryň berk sanksiýalary kabul etmezligi-de mümkin diýýär: “Meniň pikirimçe, orslar öňkülerinden berk sanksiýalary kabul ederler. Ýöne bu Waşingtonyň isleýşi ýaly berk bolmaz”.
XS
SM
MD
LG